HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täjigistanyň ilçisi Balkan welaýatynyň häkimi bilen sebitara hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Iýun 21, 2024 | 16:15 |9312
Täjigistanyň Türkmenistandaky  ilçisi Wafo Niýatbekzoda Balkan welaýatynyň häkimi  Hojamyrat Aşyrmyradow bilen duşuşdy.Täjigistanyň Türkmenistandaky  ilçisi Wafo Niýatbekzoda Balkan welaýatynyň häkimi  Hojamyrat Aşyrmyradow bilen duşuşdy.
Çeşme: mfa.tj

Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Wafo Niýatbekzoda Balkan welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Täjigistanyň we Türkmenistanyň sebitleriniň söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat, oba hojalygy, bilim, medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Täjigistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Täjigistanyň we Türkmenistanyň sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we doganlaşan şäherleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak arkaly sebitara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar.

4-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Täjigistana resmi sarapynyň çäklerinde beýleki resminamalar bilen bir hatarda, Täjigistanyň Hujand şäheriniň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasy bilen Türkmenistanyň Arkadag şäheriniň häkimliginiň arasynda doganlaşan şäherler gatnaşyklaryny ýola goýmak baradaky ylalaşyga gol çekildi diýlip, habarda bellenilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026