HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

RYA-nyň Hytaý we häzirkizaman Aziýa instituty strategik ylmy-barlag boýunça hyzmatdaşlygy hödürledi

Iýun 22, 2024 | 01:55 |8823
Türkmenistanyň Moskwadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew  Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Hytaý we häzirkizaman Aziýa institutynyň direktory Kirill Babaýew bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Moskwadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew  Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Hytaý we häzirkizaman Aziýa institutynyň direktory Kirill Babaýew bilen duşuşdy.
Çeşme: russia.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň Moskwadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Hytaý we häzirkizaman Aziýa institutynyň direktory Kirill Babaýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Kirill Babaýew RYA-nyň HHAI-niň düzüminde döredilen Merkezi Aziýa boýunça barlaglar merkeziniň maksady we wezipeleri barada gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, ol Türkmenistanyň ugurdaş ylmy edaralarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň strategik barlaglar Merkezi bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi öňe sürdi.

Taraplar iki ýurduň ylmy merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de bu ugurda hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan etdiler diýip, Türkmenistanyň RF-däki diplomatik gullugy habar berýär.

Merkezi Aziýa boýunça barlaglar Merkezi 2023-nji ýylda döredilip, ol häzirki wagtda bu ugurda iş alyp barýan iri ylmy-barlag edarasydyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026