HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek üçin Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde çäreler geçirildi

Iýun 23, 2024 | 17:35 |11370
2024-nji ýylyň 21-nji iýunynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Germaniýadaky konsullygy tarapyndan beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 
300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahaty geçirildi2024-nji ýylyň 21-nji iýunynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Germaniýadaky konsullygy tarapyndan beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 
300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahaty geçirildi
Çeşme: Consulate of Turkmenistan in Germany

2024-nji ýylyň 21-nji iýunynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Germaniýadaky konsullygy tarapyndan beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahaty geçirildi.

Çärä federal Hessen ýeriniň kanselýariýasynyň we Frankfurt şäheriniň resmi wekilleri, Hessen ýerinde akkreditlenen diplomatik korpusyň wekilleri, döredijilik intelegensiýasy we alymlar, türkmen diasporasy we talyp ýaşlary gatnaşdy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory D.Orazsahedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň we Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň agzalary wekilçilik etdiler.

10.jpg

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň netijeli ösüşini bellediler.

Şol bir wagtyň özünde nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň parahatçylygy, watançylygy, sazlaşygy, doganlygy we dostlugy talap edýän eserleriniň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge hyzmat edýändigi nygtaldy. Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň dünýä sungatynyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasyna öwrülendigi we adamzadyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga hyzmat edendigi bellenilip geçildi.

6.jpg

11.jpg

Mundan başga-da, maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» we «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» kitaplarynyň, «Magtymguly» täze saýlanan goşgular ýygyndysynyň, şeýle hem şahyryň nemes dilinde çap edilen täze goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Çärä gatnaşyjylar bu kitaplaryň mazmuny bilen tanyşdylar we täze neşirleriň Türkmenistanyň ýaş nesli üçin ähmiýetini bellediler.

9.jpg

Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgulary okaldy we Türkmenistanyň ösüşine we görnükli türkmen filosofynyň işine bagyşlanan wideo şekiller görkezildi.

Çäräniň çäginde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, Magtymguly Pyragynyň ýygyndylary, bezeg we türkmen halkynyň sungatynyň amaly-haşam eserleriniň sergisi hem görkezildi.

3.jpg

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýada bolmagynyň çäklerinde Frankfurt şäher geňeşiniň başlygy Hilime Arslaner bilen medeni we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary, şol sanda Frankfurtda bilelikdäki medeni çäreleri guramagyň mümkinçiligini öz içine alýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy 2024-nji ýylyň biziň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilendigi we beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara çäreler barada habar berildi.

1.jpg

Taraplar ýokarda agzalyp geçilen ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler we H.Arslaner Türkmenistanda geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga çagyrylyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026