HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Warşawada Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

Iýun 17, 2024 | 22:00 |10560
17-nji iýunda Warşawada Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna daşary  işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Polşa tarapyna bolsa, ministriň orunbasary Marek Prawda ýolbaşçylyk etdiler.17-nji iýunda Warşawada Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna daşary  işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Polşa tarapyna bolsa, ministriň orunbasary Marek Prawda ýolbaşçylyk etdiler.
Çeşme: mfa.gov.tm

17-nji iýunda Warşawada Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Polşa tarapyna bolsa, ministriň orunbasary Marek Prawda ýolbaşçylyk etdiler.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de dürli ulgamlarda özara gatnaşygy pugtalandyrmagyň maksat edinýändiklerini tassykladylar. Türkmenistan bilen Polşanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparyny döretmek mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi.

17062024-varshava-mid (1).jpeg

Duşuşygyň çäklerinde syýasy-diplomatik ugur boýunça bilelikdäki işi mundan beýläk-de işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň we Polşanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2025-2026-njy ýyllar üçin maksatnamasyna gol çekildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Şeýle hem Duşenbe güni Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Demirýollarynyň hyzmatdaşlyk guramasynyň komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç bilen duşuşygy boldy.

17062024-varshava-mid (3).jpeg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026