HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Kiýew şäherinde talyp ýaşlaryň arasynda kiçi fotbol boýunça ýaryş geçirdi

Iýun 19, 2024 | 22:05 |11735
Türkmen ýaşlary Türkmenistanyň sport başlangyçlaryny işjeň goldaýarlar. Ukrainanyň paýtagtynda geçirilen kiçi futbol ýaryşy bolsa türkmen ýaşlarynyň arasynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek strategiýasyna möhüm goldaw bolup, ýaş nesil üçin ajaýyp mysaldyrTürkmen ýaşlary Türkmenistanyň sport başlangyçlaryny işjeň goldaýarlar. Ukrainanyň paýtagtynda geçirilen kiçi futbol ýaryşy bolsa türkmen ýaşlarynyň arasynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek strategiýasyna möhüm goldaw bolup, ýaş nesil üçin ajaýyp mysaldyr
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in Ukraine

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip yglan edilmegi, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan Kiýew şäheriniň ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyp ýaşlaryň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryş guraldy.

Sport ýaryşynyň başynda Ilçihananyň diplomatik işgärleri biziň ýurdumyzda köpçülikleýin sport çäreleriniň yzygiderli geçirilýändigini, köp sanly sport desgalarynyň gurulýandygyny, sport bilen işjeň meşgullanmak we dynç almak üçin meýdançalaryň durkunyň täzelenýändigi barada gürrüň berdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmeklige, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaklyga aýratyn üns berilýär.

DSC_2354.JPG

Türkmen ýaşlary Türkmenistanyň sport başlangyçlaryny işjeň goldaýarlar. Ukrainanyň paýtagtynda geçirilen kiçi futbol ýaryşy bolsa türkmen ýaşlarynyň arasynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek strategiýasyna möhüm goldaw bolup, ýaş nesil üçin ajaýyp mysaldyr.

Bu çäre ýetip gelýän goşa baýram, Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirildi.

Kiýewdäki uniwersitetlerde okaýan türkmen talyplarynyň arasynda geçirilen sport ýaryşynda “Bürgüt” topary 1-nji orna, “Ussat” topary 2-nji orna, “Ýyldyz” topary bolsa 3-nji orna eýe boldular.

DSC_2414.JPG

“Bürgüt” toparynyň kapitanyna Ilçihananyň futbol ýaryşy boýunça taýýarlan Çempionlar Göçme Kubogy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy hem-de futbol ýaryşyna gatnaşanlaryň hemmesine sport çärelerine işjeň gatnaşandyklary üçin Ilçihananyň adyndan minnetdarlyk yglan edilip, olara üstünlikler arzuw edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026