HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Katardaky türkmen ilçisi arap gazetinde iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan makalany çap etdi

Iýun 21, 2024 | 09:38 |11580
Türkmenistanyň Katar döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow «Al Sharq» gazetinde iki döwletiň gatnaşyklarynyň taryhyndaky täze sahypa bagyşlanan makalany çap etdi.Türkmenistanyň Katar döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow «Al Sharq» gazetinde iki döwletiň gatnaşyklarynyň taryhyndaky täze sahypa bagyşlanan makalany çap etdi.
Çeşme: holiday.by

Türkmenistanyň Katar döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow «Al Sharq» gazetinde iki döwletiň gatnaşyklarynyň taryhyndaky täze sahypa bagyşlanan makalany çap etdi.

Makalada diplomat Türkmenistanyň we Kataryň ähli ulamlarynda hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belleýär.

Myratgeldi Seýitmämmedowyň aýtmagyna görä, 3-nji iýunda Doha şäherinde iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçen syýasy geňeşmeler ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge kuwwatly itergi berdi. Türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, katar tarapyna bolsa Kataryň daşary işler döwlet ministri Sultan bin Saad Al-Muraihi ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-katar hökümetara toparynyň mejlisiniň geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Söhbetdeşler şeýle hem Türkmenistan bilen Katar döwletiniň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegi ugrunda çykyş etdiler.

Makalasynyň ahyrynda ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň alyp barýan parasatly syýasatlary netijesinde iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026