HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan “Hytaý-Ýewraziýa EKSPO” sergisine gatnaşar

Iýun 15, 2024 | 04:05 |9971
Türkmenistan “Hytaý-Ýewraziýa EKSPO” atly halkara sergisine  gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu sergi HHR-iň Urumçy şäherinde geçiriler.Türkmenistan “Hytaý-Ýewraziýa EKSPO” atly halkara sergisine  gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu sergi HHR-iň Urumçy şäherinde geçiriler.
Çeşme: news.cn

Türkmenistan “Hytaý-Ýewraziýa EKSPO” atly halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu sergi HHR-iň Urumçy şäherinde geçiriler.

Halkara sergisi, esasan, üç bölümden, şol sanda maýa goýum hyzmatdaşlygy, milli pawilýonlar hem-de pudaklara ýöriteleşdirilen bölümden ybaratdyr. Bu serginiň çäklerinde söwda we maýa goýum forumlarynyň, tejribe alyşmalaryň, dürli ykdysady we medeni çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer B.Atdaýew bu barada 14-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi diýip, TDH-a habar berýär.

Sergi “Ýüpek ýolunda täze mümkinçilikler / Ýewraziýa üçin täze ýaşaýyş güýji” mowzugy bilen geçiriler.

Sergide Hytaý - Merkezi Aziýa formatynda ylmy-tehniki, metrologiýa, meteorologiýa, statistika hyzmatdaşlygy, hukuk hyzmatlary boýunça forumlar, hyzmatdaşlyk we elektron söwdasyny ösdürmek boýunça dialog, gurluşyk ministrleriniň duşuşygy, senagatçylaryň maslahaty we beýlekiler geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026