HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

LinkedIn sosial ulgamy iş we işgär tapmaga kömek berýän emeli intellekti ornaşdyrdy

Iýun 19, 2024 | 11:47 |12869
Iş gözlemek we işewür gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin dünýäde iň iri LinkedIn sosial ulgamy emeli intellektiň binýadyndaky täze hyzmatlary bilen tanyşdyrdy.Iş gözlemek we işewür gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin dünýäde iň iri LinkedIn sosial ulgamy emeli intellektiň binýadyndaky täze hyzmatlary bilen tanyşdyrdy.
Çeşme: 3dnews.ru

Iş gözlemek we işewür gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin dünýäde iň iri LinkedIn sosial ulgamy emeli intellektiň binýadyndaky täze hyzmatlary bilen tanyşdyrdy.

Emeli intellekt iş gözlemäge we ýüz tutmalary ibermäge, rezýumeleri we ynamdarlyk hatlaryny döretmäge, okuw materiallaryny saýlap almaga ýardam berer. Şeýle hem emeli intellekt ulanyjynyň rezýumesi we onuň käri baradaky goşmaça maglumaty berýär.

Premium nyrhnamasyny ulanyjylar üçin häzirki wagtda kompaniýa emeli intellektiň esasyndaky bilermenler maslahatlaryny synag edýär. Emeli intellekti ulanmak bilen LinkedIn ulanyjylara şahsy jogaplary hödürleýär. Geljekde bu ulanyjylar LinkedIn Learning platformasynda ulanyp boljak şahsy tälimçileri alarlar.

“Biz emeli intellekt bilen 2007-nji ýyldan bäri işläp gelýäris we ony adamlary birleşdirmek, ekoulgamda  ynamy gorap saklamak üçin işjeň ulanýarys. Munuň özi biziň iň netijeli gurallarymyzyň biridir” - diýip, LinkedIniň önümler bölüminiň ýolbaşçysy Tomer Koen aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026