HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türki dünýäniň medeni mirasynyň sanly katalogy taýýarlanylýar

Iýun 14, 2024 | 09:07 |9899
Türki döwletleriň guramasynyň ýanynda Türki dünýäniň umumy maddy we maddy däl medeni mirasynyň  katalogy taýýarlanylýar. Bu barada  “Anadolu” agentligine beren interwýusynda Türki medeni mirasy gaznasynyň ýolbaşçysy Aktoty Raimkulowa habar berdi.Türki döwletleriň guramasynyň ýanynda Türki dünýäniň umumy maddy we maddy däl medeni mirasynyň  katalogy taýýarlanylýar. Bu barada  “Anadolu” agentligine beren interwýusynda Türki medeni mirasy gaznasynyň ýolbaşçysy Aktoty Raimkulowa habar berdi.
Çeşme: tuva.asia

Türki döwletleriň guramasynyň ýanynda Türki dünýäniň umumy maddy we maddy däl medeni mirasynyň katalogy taýýarlanylýar. Bu barada “Anadolu” agentligine beren interwýusynda Türki medeni mirasy gaznasynyň ýolbaşçysy Aktoty Raimkulowa habar berdi.

Katalogyň taýýarlanmagy üçin konsultatiw geňeş jogapkär bolar. Onuň düzümine Türki döwletleriň guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli toparlarynyň agzalary, bu guramanyň, TÜRKSOÝ-yň, Türki dilli ýurtlaryň parlament assambleýasynyň we Türki akademiýanyň wekilleri, şeýle hem her ýurtdan 2-3 bilermen girer.

Geňeş gaznanyň işini utgaşdyrmak üçin her 3 ýa-da 6 aýdan çagyrylar.

“Meselem, eger-de Türki akademiýa arheologik gazuw-agtaryş geçirýän bolsa, biz Gazna hökmünde, taryhy ýadygärlikleri dikeltmek işini alyp bararys. Şeýlelikde biz işimiziň netijeliligini ýokarlandyrmaga çalyşýarys” diýip Aktoty Raimkulowa aýtdy.

Şeýle hem ol gaznanyň çäklerinde ilkinji gezek Türki dünýäniň restawratorlar geňeşiniň döredilendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda Stambulda Türki dünýäniň restawratorlary üçin okuwlar guralar.

Häzirki wagtda Türki dünýäniň medeni mirasyny gorap saklamak boýunça hukuk üpjünçiligi işleri başlandy. Hususan-da, ÝUNESKO-nyň mysalynda “Türki dünýäniň medeni mirasyny gorap saklamak boýunça konwensiýany” kabul etmek meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026