HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Samsung» smartfony dolandyrmak mümkinçiligi bolan sport aýakgaplaryny çykardy

Iýun 19, 2024 | 11:05 |11945
Günorta Koreýanyň «Samsung» kompaniýasy aýagyň hereketleri arkaly «Samsung» telefonynda anyk hereketleri etmäge mümkinçilik berýän özboluşly sport aýakgabyny çykardy.Günorta Koreýanyň «Samsung» kompaniýasy aýagyň hereketleri arkaly «Samsung» telefonynda anyk hereketleri etmäge mümkinçilik berýän özboluşly sport aýakgabyny çykardy.
Çeşme: ixbt.com

Günorta Koreýanyň «Samsung» kompaniýasy aýagyň hereketleri arkaly «Samsung» telefonynda anyk hereketleri etmäge mümkinçilik berýän özboluşly sport aýakgabyny çykardy.

«Geljegiň sport aýakgaby» «Shortcut Sneaker» özboluşly aýak hereketleri arkaly «Samsung» telefonynda anyk hereketleri etmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, ulanyjy aý ýörişini ýerine ýetirip biler we telefon şol wagt onuň ejesine jaň eder. Smartfonda aýdym açmak üçin çeçýotka tansyny edip bolar.

Bu dabanda ýerleşdirilen hereket datçikleriniň kömegi bilen mümkin boldy. Ulanyjylar özboluşly aýak hereketlerini ulanyp, bäş dürli hereketi ýerine ýetirmek üçin telefony sazlap bilerler.

«Shortcut Sneaker» sport aýakgaplary geýip bolýan «Elitac Wearables» elektronikasyny işläp düzüji «Cheil Benelux» döredijilik agentligi, «Brut Amsterdam» golland kompaniýasy we sport aýakgaplarynyň dizaýneri Roel wan Hoff bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüldi.

Bu sport aýakgaplary örän çäkli– bary-ýogy alty jübüt nusgada öndürilýär. Bu sport aýakgaplary diňe Niderlandlardaky «Samsung Members» programmasyny ulanyjylaryň arasynda 2024-nji ýylyň 9-njy iýulyna çenli bije arkaly berilýär. «Samsung» ýeňijini iýul aýynyň ikinji hepdesinde yglan eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026