HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen kompaniýalary Özbegistanda geçiriljek sergilere çagyrylýar

Iýun 13, 2024 | 10:38 |9603
Türkmenistanda sergileriň öňdebaryjy guraýjysy «Türkmen Ekspo» HK kompaniýanyň türkmen kompaniýalaryna halkara sergilerine we maslahatlaryna gatnaşmagyna hem ýardam berýändigini habar berýär. Bu türkmen kompaniýalaryna önümlerini we hyzmatlaryny halkara derejesinde hödürlemek, täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak we bazardaky ornuny berkitmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.Türkmenistanda sergileriň öňdebaryjy guraýjysy «Türkmen Ekspo» HK kompaniýanyň türkmen kompaniýalaryna halkara sergilerine we maslahatlaryna gatnaşmagyna hem ýardam berýändigini habar berýär. Bu türkmen kompaniýalaryna önümlerini we hyzmatlaryny halkara derejesinde hödürlemek, täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak we bazardaky ornuny berkitmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Çeşme: yuz.uz

Türkmenistanda sergileriň öňdebaryjy guraýjysy «Türkmen Ekspo» HK kompaniýanyň türkmen kompaniýalaryna halkara sergilerine we maslahatlaryna gatnaşmagyna hem ýardam berýändigini habar berýär. Bu türkmen kompaniýalaryna önümlerini we hyzmatlaryny halkara derejesinde hödürlemek, täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak we bazardaky ornuny berkitmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Kompaniýa «BMCA» kompaniýasy we «Messe Frankfurt» (Germaniýa) bilen hyzmatdaşlykda Özbegistanda guralýan aşakdaky halkara sergilerine türkmen telekeçileriniň gatnaşjakdygyny mälim etmäge şatdyr:

«KidsWorld Central Asia»: 6-8-nji noýabr: Kanselýariýa harytlarynyň, oýunjaklaryň, çaga eşikleriniň, çagalara ideg önümleriniň we hyzmatlarynyň halkara sergisi;

«Heimtextil Uzbekistan»: 6-8-nji noýabr: Öý üçin dokma, egin-eşiklere ideg, dokma amallary we materiallary ýaly pudaklarda önümleriň we hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýän iň iri halkara sergileriň brendi;

«Texworld Daşkent»: 6-8-nji noýabr: Öý üçin dokma önümleri pudagyndaky önümleriň, hyzmatlaryň we enjamlaryň halkara sergisi;

«Apparel Sourcing Daşkent»: 6-8-nji noýabr: Taýýar egin-eşiklere, şertnamalaýyn önümçilige we hususy haryt nyşanlaryny ösdürmäge bagyşlanan halkara sergi;

«Automechanika Tashkent»: 23-24-nji oktýabr: Özbegistanda ätiýaçlyk şaýlarynyň, awtoulag bölekleriniň, awtoulaga tehniki taýdan hyzmat etmek üçin enjamlaryň we önümleriň iň iri halkara sergisi;

«Komtrans Tashkent + Futuroad Expo Tashkent»: 23-24-nji oktýabr: Özbegistanda we Merkezi Aziýada ýük we söwda ulaglarynyň ýeke-täk sergisi, sebitdäki täjirçilik ulaglary pudagynda esasy waka, önümleriň, tehnologiýalaryň we çözgütleriň täze toplumyny görkezmek üçin esasy B2B meýdançasy.

«Tashkent International Auto show»: 23-24-nji oktýabr: «Tashkent International Auto show» (TIAS) – bu baş şygary «awtoulag durmuş ýörelgesi hökmünde» bolan lifestyle görnüşli çäredir. Ýolagçy awtoulaglarynyň öňdebaryjy öndürijileri we dilerleri täze we meşhur modelleri görkezerler.

«Beautyworld Central Asia»: 21-23-nji noýabr: Daşkent şäherinde gözellik we saglyk, derä hem-de saçlara ideg etmek boýunça harytlar we hyzmatlar, salon esbaplary, kosmetologiýa we parfýumeriýa önümleri ulgamynda Özbegistanda we Merkezi Aziýada öňdebaryjy sergi geçiriler.

Bular täsirli aragatnaşyk gurmak, işewürlik üçin täze mümkinçilikleri gözlemek we bazaryň ýagdaýy barada iň täze maglumatlary almak üçin halkara pudaklaýyn meýdançalardyr. «BMCA» tarapyndan guralýan çäreleriň köpüsi «Messe Frankfurt» (Germaniýa) ýaly öňdebaryjy halkara sergi guramaçylary bilen hyzmatdaşlykda geçirilýär.

«Türkmen Ekspo» sergä gatnaşyjylar üçin logistika, ýaşaýyş jaýy we wiza goldawy ýaly hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýär. Çäreleri taýýarlamagyň we geçirmegiň her tapgyrynda ýokary derejeli hyzmat we hünär ussatlygyny üpjün ederis. Biziň maksadymyz – türkmen kompaniýalarynyň üstünlikli gatnaşmagy üçin şert döretmek.

Has giňişleýin maglumat almak we sergilere hasaba alynmak üçin +99362006200 telefon belgisi ýa-da info@turkmenexpo.com elektron poçta arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

15:37 Iýun 22, 2026
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026