HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kiýewde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi esasynda çekilen suratlaryň sergisi geçirildi

Iýun 11, 2024 | 14:45 |11929
2024-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy bilen Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphananyň bilelikde guramaklarynda XVIII asyryň görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi esasynda çekilen Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrabynyň “Мистецтвознавці” atly mekdebiniň daşary işjeňlik merkeziniň döredijilik toparynyň ýaş suratkeşleriniň eserleriniň sergisiniň jemlerine bagyşlanan çäre geçirildi.2024-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy bilen Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphananyň bilelikde guramaklarynda XVIII asyryň görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi esasynda çekilen Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrabynyň “Мистецтвознавці” atly mekdebiniň daşary işjeňlik merkeziniň döredijilik toparynyň ýaş suratkeşleriniň eserleriniň sergisiniň jemlerine bagyşlanan çäre geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy bilen Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphananyň bilelikde guramaklarynda XVIII asyryň görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi esasynda çekilen Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrabynyň “Мистецтвознавці” atly mekdebiniň daşary işjeňlik merkeziniň döredijilik toparynyň ýaş suratkeşleriniň eserleriniň sergisiniň jemlerine bagyşlanan çäre geçirildi.

Türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy, akyldar şahyryň döredijiligi dürli ýaşdaky nesiller üçin ylham çeşmesi bolup, olary täze we özboluşly eserleri döretmeklige ruhlandyrýar.

Bu döredijilik çärä gatnaşan 6 ýaşdan 15 ýaş aralygyndaky çagalar Magtymguly Pyragynyň watançylyk, söýgi, tebigat, taryhy we ömri barada ýazan eserlerini kagyz ýüzünde janlandyrmagy başarypdyrlar. Bu ýerde Türkmenistanyň gül-gülzarly meýdanlaryny, daglaryny we derýalaryny, Törebeg Hanymyň mawzoleýini, ahalteke bedewlerini, şahyryň söýen gyzy Meňli barada çekilen suratlary sergide ýaýbaňlandyrylan. Türkmen topragynyň we tebigatynyň reňkli suratlar bolsa şahyryň watanyna we onuň baý mirasyna bolan çäksiz söýgüsini görkezýär.

Dabaraly çäräniň dowamynda Türkmenistanyň ilçihanasynyň wekilleri sergä gatnaşyjylara Türkmenistanyň görnükli şahyry Magtymgulynyň döredijiligini we türkmen medeniýetiniň mirasyny wagyz etmekde goşan goşandy üçin sag bolsun aýdyp, olary hormat hatlary bilen sylagladylar hem-de döredijilik ýollarynda üstünlikleri arzuw etdiler. Ilçihananyň wekilleri döredijilik başlangyçlary we olary durmuşa geçirmekde bitirýän hyzmatlary üçin gurnak toparynyň we Magtymguly adyndaky Kitaphanasynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdiler.

Şeýle hem, bu çäräniň çäginde Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan film görkezildi. Dabaranyň jemleýji bölümi hökmünde ýaş suratkeşlere kitaphananyň çäginde ýerleşýän Magtymgulynyň muzeýine gezelenç guraldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylda bu muzeýiň gaznasy türkmen bezeg önümleri we amaly-haşam sungat eserleriniň täze görnüşleri, dünýäniň dürli dillerinde çäp edilen kitap önümleri bilen dolduryldy.

Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrabynyň “Мистецтвознавці” atly mekdebiniň daşary işjeňlik merkeziniň döredijilik toparynyň ýaş suratkeşleriniň sergisi 2024-nji ýylyň 3-16-njy iýuny aralygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilýän çäreleriň dowamynda dowam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2028-nji ýyly Halkara hukugy ýyly diýip yglan etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2028-nji ýyly Halkara hukugy ýyly diýip yglan etdi

17:05 Iýul 26, 2026
Tramp Google kompaniýasyna salnan jerime sebäpli Ýewropa Bileleşigine jogap hökmünde gümrük paçlaryny girizmek bilen haýbat atdy

Tramp Google kompaniýasyna salnan jerime sebäpli Ýewropa Bileleşigine jogap hökmünde gümrük paçlaryny girizmek bilen haýbat atdy

17:00 Iýul 26, 2026
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutjak ugurlary – diplomatiýada emeli aňdan başlap, Hazarüsti logistika çenli

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutjak ugurlary – diplomatiýada emeli aňdan başlap, Hazarüsti logistika çenli

17:00 Iýul 26, 2026