Belarus uniwersitetleri türkmen dalaşgärlerine garaşýar: «IDEA+» agentligi okuwa girişde kömek eder


Öňdebaryjy Belarus uniwersitetleriniň Türkmenistandaky resmi wekili «IDEA+» agentligi Belarusda ýokary hilli bilim almagy teklip edýär. Belarusyň iň gowy 5 uniwersitetine kabul edişlik eýýäm gyzgalaňly dowam edýär. Abraýly ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmak we üstünlikli zähmet ýoluny gurmak mümkinçiligini elden gidirmäň.
Türkmenistandan dalaşgärler şu ýokary okuw mekdeplerine girip bilerler:
• BGUIR – IT, elektronika we aragatnaşyk ulgamlary boýunça öňdebaryjy ýokary okuw mekdebidir
• BNTU – maşyngurluşyk we inženerçilik ylymlarynda öňdebaryjy
• GrGU – filologiýadan dizaýna çenli nusgawy we döwrebap ugurlaryň sazlaşygy
• BGMU – baý taryhy bolan abraýly lukmançylyk uniwersiteti
• BDU-nyň A.D. Saharow adyndaky HDEI – özboluşly maksatnamalary hödürleýän ekologiýa bilimleriniň merkezidir.
Ýokary okuw mekdepleri amatly ýaşaýyş şertlerini hödürleýärler – häzirki zaman umumy ýaşaýyş jaýlary okuw binalarynyň golaýynda ýerleşýär, desgalar toplumynyň infrastrukturasy bolsa sport toplumlaryny, barlaghanalary we kitaphanalary öz içine alýar.
«IDEA+» dalaşgärlere ýokary okuw mekdebini we hünäri saýlamakda kömegini teklip edýär – agentlik siziň gyzyklanmalaryňyza we maksatlaryňyza laýyk gelýän uniwersiteti hem-de okuw maksatnamasyny saýlar. Geňeşçiler giriş üçin zerur resminamalary ýygnamak we gaýtadan işlemekdäki ähli aladalary öz üstlerine alarlar.
Has anyk maglumatlary şu telefonlara jaň edip alyp bilersiňiz: (+993 71) 51-84-37, (+993 71) 55-04-85
Maslahata ýazylmak üçin şu salgylanma arkaly maglumatnamany dolduryň: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSdMLuA_A1LQlOJaXK4_51Ndof91-_46qWSymCECC8Lt7S6eCA/viewform
Çat-botdan peýdalanyp, has köp berilýän soraglara çalt jogap alyp bilersiňiz: https://t.me/idea_belarus_tm_bot
Sosial ulgamdaky sahypasy @idea_belarus
ORIENT news







