HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda MasterCard bank kartyny ulanmak arkaly hasaplaşyklary geçirmek ara alnyp maslahatlaşyldy

Iýun 10, 2024 | 09:55 |12163
5-6-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary-ykdysady iş bankynda MasterCard bank kartyny ulanmak arkaly maliýe amallaryny ýerine ýetirmek boýunça okuw maslahaty geçirildi.5-6-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary-ykdysady iş bankynda MasterCard bank kartyny ulanmak arkaly maliýe amallaryny ýerine ýetirmek boýunça okuw maslahaty geçirildi.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

5-6-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary-ykdysady iş bankynda MasterCard bank kartyny ulanmak arkaly maliýe amallaryny ýerine ýetirmek boýunça okuw maslahaty geçirildi.

Oňa gatnaşyjylar hasaplaşygyň kliring ulgamy barada maglumaty diňlediler. Kliring –bu ýuridiki we fiziki şahslaryň arasynda harytlar we hyzmatlar üçin yzygiderli nagt däl hasaplaşygy geçirmeklikdir. Kliringde nagt tölegleriň ýerine talaplary we borçlary özara hasaplaşmak amala aşyrylýar.

Bilermenler şeýle hem biling ulgamy bilen tanyşdyrdylar. Biling amala aşyrylan hyzmatlary, olaryň bahasyny we töleg üçin hasapnamalary hasaba alýan awtomatlaşdyrylan ulgamdyr.

Mundan başga-da, okuw maslahatyna gatnaşyjylara MasterCardyň hasaplaşyklardaky ähmiýeti barada hem-de beýleki töleg ulgamlaryndan tapawutly aýratynlygy barada gürrüň berildi.

Hasaplaşyklary geçirmek, walýutany konwertasiýa etmek ýaly amallar özleşdirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Toyota-Beyik Yupek Yoly resmi hyzmat merkezinden ýörite teklip

Toyota-Beyik Yupek Yoly resmi hyzmat merkezinden ýörite teklip

06:07 Awgust 08, 2026
Bilelik Hub merkezindäki açyk gapylar güni Aşgabadyň ýaşaýjylaryny bilim, tehnologiýalar we jemgyýetçilik çygrynda birleşdirdi

Bilelik Hub merkezindäki açyk gapylar güni Aşgabadyň ýaşaýjylaryny bilim, tehnologiýalar we jemgyýetçilik çygrynda birleşdirdi

06:02 Awgust 08, 2026
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026