HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat we Brýussel özara peýdaly hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge taýýar

Iýun 06, 2024 | 22:25 |15633
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Belgiýanyň Daşary işler ministrliginiň köptaraplaýyn meseleler we ählumumylaşma boýunça baş syýasy direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Gislen D’Hupyň arasynda duşuşyk geçirildi.Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Belgiýanyň Daşary işler ministrliginiň köptaraplaýyn meseleler we ählumumylaşma boýunça baş syýasy direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Gislen D’Hupyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Belgium Foreign Affairs

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Belgiýanyň Daşary işler ministrliginiň köptaraplaýyn meseleler we ählumumylaşma boýunça baş syýasy direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Gislen D’Hupyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyk 6-njy iýunda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Brýussele bolan saparynyň çäginde geçirildi. Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar. Birleşen Milletler Gutramasynyň we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki işjeň gatnaşyklara aýratyn üns berildi.

Ykdysady ugurda türkmen-belgiýa hyzmatdaşlygynyň ugurlary, hususan-da, Belgiýanyň kompaniýalarynyň wekilleriniň infrastruktura we senagat pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikleri geçirmek maksady bilen Türkmenistana ýakyn wagtda amala aşyrjak sapary agzaldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2024-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň we Belgiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar we Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara kabul ederlikli wagtda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryny geçirmek mümkinçiliklerine garadylar.

“Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler” – diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habarynda bellenilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026