HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistandan ýaş zenanlary ÝHHG-nyň talyp hakly maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýar

Iýun 06, 2024 | 21:15 |10508
Gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynda aýal-gyzlary goldamak ugrundaky tagallalarynyň çäginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy magistr derejesini almak üçin ikinji kabul edişligi yglan edilýär. Bu ajaýyp mümkinçilik ýaşaýyş jaýy, ulag we aýlyk talyp haky ýaly doly tölegli okuwy şertlendirýär. Bu maksatnama 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabryndan 2025-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli Nemes-Gazak uniwersitetinde geçiriler.Gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynda aýal-gyzlary goldamak ugrundaky tagallalarynyň çäginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy magistr derejesini almak üçin ikinji kabul edişligi yglan edilýär. Bu ajaýyp mümkinçilik ýaşaýyş jaýy, ulag we aýlyk talyp haky ýaly doly tölegli okuwy şertlendirýär. Bu maksatnama 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabryndan 2025-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli Nemes-Gazak uniwersitetinde geçiriler.
Çeşme: ÝHHG

Gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynda aýal-gyzlary goldamak ugrundaky tagallalarynyň çäginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy magistr derejesini almak üçin ikinji kabul edişligi yglan edilýär. Bu ajaýyp mümkinçilik ýaşaýyş jaýy, ulag we aýlyk talyp haky ýaly doly tölegli okuwy şertlendirýär. Bu maksatnama 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabryndan 2025-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli Nemes-Gazak uniwersitetinde geçiriler.

Bu maksatnama Merkezi Aziýadan, Owganystandan we Mongoliýadan çalt ösýän we dikeldilýän möhüm energiýa pudagynda ornuny kämilleşdirmek isleýän ýaş zenanlar üçin mümkinçilikleri hödürleýär. Gatnaşýanlar gaýtadan dikeldilýän energiýa we energiýa netijeliligini strategiki dolandyrmak boýunça giňişleýin bilim alarlar, bu halkara we milli kompaniýalarda köp sanly kär mümkinçiliklerine täze gapylary açar.

Maksatnamanyň peýdalary:

• Doly tölenen okuw we ýaşaýyş jaýy

• Ulag çykdajylarynyň öwezini dolmak

• Aýlyk talyp haky

• Gaýtadan dikeldiýän energiýa desgalaryna baryp görmek

• Professional aragatnaşyklar ulgamyny gurmak we öwüt-nesihat häsiýetli goldawyny almak mümkinçiligi.

Sowalnamany tabşyrmagyň möhleti: 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli (Gazagystanyň raýatlary üçin 2024-nji ýylyň 15-nji iýulyna çenli).

ÝHHG-niň web sahypasynda has giňişleýin maglumat almak üçin: https://www.osce.org/oceea/565390

Hasaba alyş we has giňişleýin maglumat üçin Nemes-Gazak uniwersitetiniň web sahypasyna giriň.

Habarlaşmak üçin:

• Alekseý Kobzew: kobzev@dku.kz

• Sanýa Ahmetowa: akhmetova@dku.kz

• Abylaýhan Soltanaýew: soltanayev@dku.kz

Talyp haky maksatnamasy Awstriýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Norwegiýanyň we Polşanyň hökümetleri tarapyndan goldanýan Merkezi Aziýada energiýa howpsuzlygy we durnuklylyk üçin zenanlaryň energiýa pudagyna ykdysady gatnaşygyny ýokarlandyrmak boýunça ÝHHG-niň taslamasynyň çäginde guraldy.

ÝHHG bilen gaýtadan dikeldilýän energiýanyň geljegini üýtgetmek mümkinçiligini elden bermäň!

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026