GDA ýurtlary ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň 2035-nji ýyla çenli strategiýasyny işläp taýýarlamagy meýilleşdirýärler


GDA agza döwletler ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň 2035-nji ýyla çenli strategiýasyny işläp taýýarlamagy meýilleşdirýärler. Bu barada BELTA Belarus Respubliksynyň Energetika ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçen GDA-nyň elektroenergetika geňeşiniň 64-nji mejlisinde Arkalaşygyň giňişliginde energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň 2035-nji ýyl çenli konsepsiýasy 24-nji maýda Aşgabatda geçen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde tassyklanyldy.
Mundan başga-da, Belarus Respublikasynyň energetika ministri Wiktor Karankewiçiň aýtmagyna görä, GDA ýurtlarynyň sebit energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlygyna konsepsiýasyny işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Arkalaşygyň elektroenergetika geňeşiniň 64-nji mejlisinde energetika pudagynyň häzirki zaman ösüş meýillerine we GDA-nyň giňişliginde energetika hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryna garadylar, atom energetikasyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar zerur elektroulgam infrastruturasyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
ORIENT news







