HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Ynamly dellal” brokerçilik kompaniýasy maýa goýmagyň netijeli guralyny –obligasiýalary hödürleýär

Iýun 06, 2024 | 14:45 |12158
“Ynamly dellal”  hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazarynda öňdebaryjy hususy broker, şeýle hem   “Aşgabat gazna biržasy” ÝPGJ-niň agzasy bolup durýar.  (www.agb.com.tm).“Ynamly dellal”  hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazarynda öňdebaryjy hususy broker, şeýle hem   “Aşgabat gazna biržasy” ÝPGJ-niň agzasy bolup durýar.  (www.agb.com.tm).
Çeşme: acra-ratings.ru

“Ynamly dellal” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazarynda öňdebaryjy hususy broker, şeýle hem “Aşgabat gazna biržasy” ÝPGJ-niň agzasy bolup durýar. (www.agb.com.tm).

“Ynamly dellal” hojalyk jemgyýeti öz işine 2021-nji ýylda başlady we Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazarynyň ösdürilmegine öz goşandyny goşýar. Kompaniýa jemi bahasy 60 million manat bolan obligasiýalary çykarmagy guramak boýunça alty taslamany üstünlikli amala aşyrdy we bu gymmatly kagyzlary Aşgabat gazna biržasynda ýerleşdirdi. Bu obligasiýalary çykaran emitentleriň hatarynda “Mary deri-aýakgap”, “Köpetdag-Lada”, “Akar tekstil”, “Tibet Türkmen”, “DD Doganlar” ýaly kompaniýalar bar. Söwdalara çykarylan obligasiýalaryň sanawy bilen Aşgabat gazna biržasynyň resmi saýtynda tanyşmak bolýar. (www.agb.com.tm).

Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazarynyň bilermeni, maýa goýum, maliýeleşdirmek we komplaens boýunça geňeşçi Nedir Agabaýew obligasiýalar barada düşündiriş berýär:

Eger-de, siziň erkin serişdeleriňiz bolsa we siz bu serişdeleri maýa goýmak arkaly goşmaça girdeji almak isleýän bolsaňyz, onda onyň iň netijeli we meşhur usullarynyň biri hem gymmatly kagyzlara, ýagny, paýnamalara, obligasiýalara maýa goýmakdyr.

Obligasiýalar işe täze başlaýan maýadarlar üçin amatly guraldyr we täze taslamalary maliýeleşdirmek hem-de ösdürmek üçin mümkinçilikdir.

Obligasiýalary satyn almak meseleleri boýunça “Ynamly dellal” hojalyk jemgyýetine aşakdaky salgylar boýunça ýüz tutup bilersiňiz:

“Ynamly dellal” hojalyk jemgyýeti (ygtyýarnama № 1-17-31-12)

Salgysy: Aşgabat şäheri Oguzhan köçesi, 203

Iş wagty: sagat 10.00-dan 17.00-a çenli (Duşenbe-Anna günleri)

Telefonlar: 95-76-98, +993 62609454

Web-saýt: www.ynamlydellal.com.tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026