GDA ýurtlarynyň ýaş alymlary üçin mümkinçilik


Gorçakowyň gaznasy Rossotrudniçestwo agentligi, Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň Dünýä ykdysadyýeti we halkara gatnaşyklar instituty we beýleki öňdebaryjy institutlar bilen bilelikde daşary ýurtly hünärmenler üçin halkara gatnaşyklar boýunça okuw-tejribe maksatnamasyna ýüztutmalary kabul etmäge başlandygyny yglan etdi.
Okuw-tejribäniň temasy: “Köp merkezli dünýä: täze meýiller we töwekgelçilikler”.
kuw-tejribäniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Russiýanyň ylmy-jemgyýetçilik durmuşy bilen tanyşarlar, döwlet häkimiýeti edaralaryna baryp görerler, ylmy we seljeriş merkezleriniň bilermenler maslahatlaryna gatnaşarlar. Şeýle hem olar ylmy-barlag işini taýýarlamagyň çäklerinde Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň alymlarynyň ýolbaşçylygynda işlemek mümkinçiligini alarlar.
Okuw-tejribe Moskwa şäherinde 2024-nji ýylyň 29-nji sentýabr-27-nji oktýabr aralygynda geçiriler.
Bäsleşige 25-35 ýaş aralygyndaky we aşakdaky talaplara laýyk gelýän daşary ýurtly hünärmenler gatnaşyp biler:
- Abhaziýanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusiýanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Günorta Osetiýanyň raýaty bolmaly;
- Russiýanyň çäginden daşarda ýaşamaly;
- Rus dilini ýokary derejede bilmeli;
- Saýlap alan ugry boýunça ylmy-barlag meýilnamasy bolmaly;
- Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi ýa-da ylym edarada, seljeriş merkezinde azyndan üç ýyllyk iş tejribesi bolmaly ýa-da aspiranturada okaýan bolmaly.
Dalaşgärleri saýlap almak şu aşakdaky ölçeglerden ugur alnyp, bäsdeşlik esasynda amala aşyrylar:
1 . ylmy-barlag meýilnamasynyň akademiki derejesi, derwaýys bolmagy durmuşa geçirilmek mümkinçiligi;
- çap edilen ylmy makalalary bolmaly;
- ynamdarlyk haty (rekommendasiýa 2-3 sany)
- başga ylmy-barlag we seljeriş işleri;
- gürrüňdeşligiň netijeleri (onlaýn).
Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler Gorçakowyň gaznasynyň resmi saýtynyň iňlis dilindäki wersiýasynda degişli amallary ýerine ýetirmeli . (Перейти в раздел «Мои проекты», нажать кнопку «Создать заявку», выбрать конкурс «InteRussia — Международные отношения — страны СНГ» и нажать кнопку «Да»).
Ýüztutmny ibermegiň soňky möhleti 2024-nji ýylyň 1-nji awgusty.
Daşary ýurtly hünärmenler üçin InteRussiýa okuw tejribe maksatnamasy Gorçakowyň gaznasy tarapyndan 2021-nji ýylda ýola goýuldy. Maksatnamanyň hyzmatdaşlary – Russiýanyň ylymlar akademiýasy Ý.M. Primakow adyndaky dünýä ykdysadyýeti we halkara gatnaşyklary milli ylmy-barlag instituty, Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň akademik G.A.Arbatow adyndaky Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Kanada instituty, Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň Ýewropa instituty, Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň Latin Amerikasy instituty we Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň Afrika instituty.
ORIENT news








