HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Cargolux» Türkmenistana amala aşyrýan uçuşlarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär

Iýun 06, 2024 | 14:11 |14933
Düýbi Lýuksemburgda ýerleşýän «Cargolux» ýük awiakompaniýasy Türkmenistana amala aşyrýan uçuşlarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi.Düýbi Lýuksemburgda ýerleşýän «Cargolux» ýük awiakompaniýasy Türkmenistana amala aşyrýan uçuşlarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi.
Çeşme: cargolux.com

Düýbi Lýuksemburgda ýerleşýän «Cargolux» ýük awiakompaniýasy Türkmenistana amala aşyrýan uçuşlarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi.

Bu teklip «Cargolux» ýük awiakompaniýasynyň wise-prezidenti Maksim Ştraus bilen «Türkmenhowaýollary» agentliginiň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda beýan edildi.

Şeýle hem duşuşykda Lýuksemburgyň kompaniýasynyň ýöriteleşdirilen okuw merkezlerinde işgärleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

«Cargolux Airlines International S.A.» yzygiderli ýük daşamalary boýunça bütin dünýäde işleýän iň uly Ýewropanyň iň iri awiakompaniýalarynyň biridir. Kompaniýa ýolagçy uçuşlaryny hem amala aşyrýar.

«Cargolux» Ýewropa awiakompaniýalary birleşiginiň (AEA) we Halkara howa ulaglary birleşiginiň (IATA) agzasydyr. Köp ýyllaryň dowamynda innowasion konsepsiýalary we hyzmatlarynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga bolan ygrarlylyk kompaniýanyň birnäçe baýraklary gazanmagyna, şol sanda «Air Cargo News» söwda žurnalynyň okyjylarynyň arasyndaky ses berlişigiň netijelerine laýyklykda, dört ýyl yzly-yzyna «Iň gowy ýük awiakompaniýasy» baýragyna mynasyp bolmagyna mümkinçilik berdi. Bu baýrak oňa pudagyň birinji derejeli howa ýüklerini üpjün edijisi hökmünde nusgalyk göreldesi üçin berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026