HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bakuda türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azady baradaky kitap tanyşdyryldy

Iýun 06, 2024 | 09:48 |18784
Azerbaýjanda XVIII asyryň görnükli türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azadynyň döredijiligi barada azerbaýjan we rus dillerinde neşir edilen ««Вагзы-Азат»: вчера, сегодня, завтра. Об утопическом или реальном мире рассуждал Довлетмаммед Азади?» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu kitaby meşhur azerbaýjan publisisti, syýasatşynas, CBC teleýaýlymynda gepleşigiň alyp baryjysy Teýmur Ataýew ýazdy, diýip АЗЕРТАДЖ habar berýär.Azerbaýjanda XVIII asyryň görnükli türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azadynyň döredijiligi barada azerbaýjan we rus dillerinde neşir edilen ««Вагзы-Азат»: вчера, сегодня, завтра. Об утопическом или реальном мире рассуждал Довлетмаммед Азади?» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu kitaby meşhur azerbaýjan publisisti, syýasatşynas, CBC teleýaýlymynda gepleşigiň alyp baryjysy Teýmur Ataýew ýazdy, diýip АЗЕРТАДЖ habar berýär.
Çeşme: azertag.az

Azerbaýjanda XVIII asyryň görnükli türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azadynyň döredijiligi barada azerbaýjan we rus dillerinde neşir edilen ««Вагзы-Азат»: вчера, сегодня, завтра. Об утопическом или реальном мире рассуждал Довлетмаммед Азади?» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu kitaby meşhur azerbaýjan publisisti, syýasatşynas, CBC teleýaýlymynda gepleşigiň alyp baryjysy Teýmur Ataýew ýazdy, diýip АЗЕРТАДЖ habar berýär.

Tanyşdyrylyş dabarasy Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Nyzamy adyndaky Edebiýat institutynda Magtymguly adyndaky Türkmen edebiýaty merkeziniň açylyşynyň çäklerinde geçirildi.

Kitap Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde Ylym neşirýaty (Aşgabat) tarapyndan çap edildi. Kitabyň ylmy redaktory türkmen alym-filology Mergen Gurbanow.

Rus bilen azerbaýjan diline Ilgar Alfi terjime etdi.

Döwletmämmet Azady diňe bir halkynyň däl, eýsem, tutuş türki dünýäniň paýhas genji hazynasydyr.

Kitabyň sözbaşysynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri Rahmanberdi Godarow Teýmur Ataýewiň Azadynyň taglymlarynyň ähmiýetini açyp görkezendigini belleýär. Rahmanberdi Godarowyň bellemgine görä, awtor Azadynyň 300 ýyl mundan ozal “Wagzy azat” poemasynda beýan eden taglymlarynyň häzirki günde hem diňe bir türki dünýäsi üçin däl, eýsem, tutuş adamzat üçin ähmiýetlidigini ylmy esasda inçelik bilen görkezýär.

Teýmur Ataýewiň bu eseri onuň türki dünýäniň görnükli şahsyýetleri baradaky ylmy-barlag işleriniň dowamydyr. Ozal Ataýewiň Gabdulla Tukaýa (Kazan, 2019), Amir Timura (Daşkent, 2020), Abaý Kunanbaýewa (Astana, 2020) we Çingiz Aýtmatowa (Bişkek, 2023) bagyşlanan eserleri neşir edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026