HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministri bilen duşuşdy

Iýun 04, 2024 | 19:35 |11034
Duşuşykda taraplar ylym, bilim we ýaşlar syýasaty ýaly ugurlar boýunça  ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylarDuşuşykda taraplar ylym, bilim we ýaşlar syýasaty ýaly ugurlar boýunça  ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in Georgia

2024-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministri G.Amilahwariniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar ylym, bilim we ýaşlar syýasaty ýaly ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de bilelikdäki taslamalary, maksatnamalary taýýarlamak, Türkmenistanda we Gruziýada geçirilýän halkara olimpiadalara, konferensiýalara, seminarlara we beýleki çärelere mekdep okuwçylaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynyň hem-de iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklara gol çekmek meselelerine garaldy.

G.Amilahwari ylmy-bilim pudagy döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy. Şeýle hem ol, bu ugurdaky gatnaşyklar iki ýurduň halklarynyň dostlugyny berkidýändigini we özara düşünişmegiň esasy serişdeleriniň biri hökmünde çykyş edýändigini belläp geçdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

23:55 Awgust 14, 2026
AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

23:50 Awgust 14, 2026
Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

23:45 Awgust 14, 2026