Hytaýyň «Çane-6» stansiýasy Aýyň arka tarapyndan toprak nusgalaryny orbita iberdi


Hytaýyň «Çane-6» atly awtomatiki planetara stansiýasynyň uçuş moduly Aýyň arka tarapynda toplanan toprak nusgalaryny emeli hemranyň orbitasyna çykardy. Bu waka ýerdäki kosmonawtikanyň taryhynda täze bir sahypany açýar, sebäbi alymlarda heniz Ýeriň hemrasynyň görünmeýän tarapyndan alnan toprak nusgalary ýokdy.
Amallaryň esasy bölegi stansiýa tarapyndan awtomatiki tertipde geçirildi. Şeýle hem Ýerden berlen görkezmeler «Sýuesýao-2» retranslaýtor hemrasynyň kömegi bilen enjama ýetirildi. Nusgalar ýygnalanda heläkçilikleriň öňüni almak üçin Ýerdäki gonuş modulynyň takyk göçürmesiniň töwereginde «Çane-6» moduly üçin Aýdaky ýaly gurşaw döredildi.
Buraw işleri bilen nusgalary ýygnamagyň başy başlandy. Soňra robotlaşdyrylan manipulýator Aýyň üstünden topragyň we daşlaryň nusgalaryny aldy.
Jemi 2 kg golaý nusga ýygnaldy, olar germetik kapsulada möhürlenip, uçuş modulyna ýerleşdirildi. Modul kapsulany Aýyň orbitasyna çykardy, bu ýerde ol orbital we gaýdyp gelýän modul bilen birleşer. Soňra, takmynan, üç hepdäniň içinde nusgalar Ýere getiriler – olar kapsulada Hytaýyň demirgazygyna taşlanar.
Ýygnalan nusgalar Aýyň geologiki taryhynyň irki döwürleri barada köp zady açar.
«Çane-6» atly awtomatiki planetara stansiýasynyň missiýasy 2024-nji ýylyň 3-nji maýynda başlandy. 9-njy maýda stansiýa Aýyň orbitasyna girdi. Aýa gonuş 2-nji iýunda bolup geçdi.
ORIENT news








