Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Fransiýanyň paýtagtynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýöriş geçirildi

Iýun 04, 2024 | 10:32 |12677
Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş gurady.Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş gurady.
Çeşme: Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy tarapyndan berlen

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş gurady.

Bu çäre ilçihananyň işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň, Parižde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň, şeýle hem Parižiň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan Türkmenistanyň hem-de Fransiýanyň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Welosipedli ýöriş Eýfel diňiniň golaýyndaky meşhur «Champ de Mars» («Marsyň meýdançasy») seýilgähinde başlandy we Parižiň iň ajaýyp ýerleriniň, şol sanda «Quai Branly» («Ke Branli») muzeýiniň, «Aleksandr III» köprüsiniň, Maýyplar köşgüniň, ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynyň, «Grand Palais Éphémère» («Grand Pale Efemeriň»), Harby mekdebiň we beýleki gözel künjekleriniň üstünden geçdi.

Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekili Maksat Çaryýew Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport ulgamynda gazanan üstünlikleri, şeýle hem ýurduň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek ugrunda durmuşa geçirýän başlangyçlary, şol sanda Bütindünýä welosiped gününi döretmek we BMG tarapyndan «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi baradaky başlangyçlar barada gürrüň berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugry bolan sport diplomatiýasynyň parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny pugtalandyrmaga, sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge we ýurduň ýaş neslini kämil şahsyýetler edip ýetişdirmäge gönükdirilendigi bellenildi.

Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda döredildi. Bu sport çäresiniň görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň Pyragynyň sagdyn durmuş ýörelgesi baradaky öwütlerine ygrarlylygynyň subutnamasy hem-de Türkmenistanda bedenterbiýe we sport hereketini wagyz etmekde durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň aýdyň mysaly boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026