HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kompýuterleriň ekologiýa taýdan arassalygyny bahalandyrmak üçin standartlar işe girizildi

Iýun 04, 2024 | 11:50 |12181
«Intel» amerikan kompaniýasy we onuň hyzmatdaşlary tarapyndan fewral aýynda geçirilen 90% gaýtadan işlenip bilinýän ekologiýa taýdan arassa kompýuter (Green PC) konsepsiýasynyň tanyşdyryşyndan soň, iri öndürijiler hususy kompýuterleriň ekologiýa taýdan arassalygyny bahalandyrmak üçin birnäçe standartlary çykardylar.«Intel» amerikan kompaniýasy we onuň hyzmatdaşlary tarapyndan fewral aýynda geçirilen 90% gaýtadan işlenip bilinýän ekologiýa taýdan arassa kompýuter (Green PC) konsepsiýasynyň tanyşdyryşyndan soň, iri öndürijiler hususy kompýuterleriň ekologiýa taýdan arassalygyny bahalandyrmak üçin birnäçe standartlary çykardylar.
Çeşme: rutab.net

«Intel» amerikan kompaniýasy we onuň hyzmatdaşlary tarapyndan fewral aýynda geçirilen 90% gaýtadan işlenip bilinýän ekologiýa taýdan arassa kompýuter (Green PC) konsepsiýasynyň tanyşdyryşyndan soň, iri öndürijiler hususy kompýuterleriň ekologiýa taýdan arassalygyny bahalandyrmak üçin birnäçe standartlary çykardylar.

Standart bäş sany esasy baha beriş kriteriýasyny öz içine alýar, olaryň hersine birinji derejeli 15 görkeziji we ikinji derejeli 27 görkeziji täsir edýär. Bu bahalandyrma ulgamy ilki Hytaýda, soň bolsa ABŞ-da işe giriziler.

Ekologiýa taýdan arassa kompýuter belliginiň iň esasy bäş ölçegi «Işlenip düzülişi» (Design Definition), «Eltip bermek» (Production Delivery), «Ulanmak we tehniki hyzmat» (Use & Maintenance), «Gaýtadan işlemek» (Recyclability) we ady belli bolmadyk bonus kriteriýadan ybaratdyr.

Jemi 60 utukdan az baha alan enjamlar «Green PC» derejesine degişli edilmez, 61 – 74 utuk «Green PC Bronze», 75 – 89 utuk «Green PC Silver», 90+ utuk bolsa «Green PC Gold» derejesine laýyk gelýär.

Bahalandyrma ulgamynyň tanyşdyrylyşy bilen birlikde, «Intel» kompaniýasy «Asus», «Dell», «HP», «Lenovo», «H3C», «Panlong» we «Tongfang» ýaly öndürijileriň geljekki «ýaşyl» kompýuterlerini yglan etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026