HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dohada türkmen-katar syýasy geňeşmeleri geçdi

Iýun 04, 2024 | 08:10 |10582
3-nji iýunda Doha şäherinde Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçdi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Katar wekiliýetine bolsa daşary işler döwlet ministri Sultan bin Saad Al-Muraihi ýolbaşçylyk etdi.3-nji iýunda Doha şäherinde Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçdi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Katar wekiliýetine bolsa daşary işler döwlet ministri Sultan bin Saad Al-Muraihi ýolbaşçylyk etdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

3-nji iýunda Doha şäherinde Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçdi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Katar wekiliýetine bolsa daşary işler döwlet ministri Sultan bin Saad Al-Muraihi ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyldy. Hususan-da, söwda-ykdysady, maýa goýumlary, syýahatçylyk, energetika we nebitgaz ulgamlaryndaky gatnaşyklary aýratyn üns berildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-katar hökümetara toparynyň ähmiýeti bellenildi diýlip, DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar şeýle hem parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerine degip geçdiler. Diplomatlar netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmegi ylalaşdylar. Şunda ýokary we iň ýokary derejelerde özara gatnaşyklary hem-de duşuşyklary dowam etmegiň möhümdigi bellenildi.

В Дохе прошли туркмено-катарские политические консультации.jpg

Köptaraplaýyn diplomatiýanyň, şol sanda BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigine ünsi çekildi. Hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň giňeldilmegi ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmegiň, şol sanda özara medeniýet günlerini, bilelikdäki sergileri geçirmegiň, bilim we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň wajypdygy bellenildi.

Duşuşygyň çäklerinde, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026