Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen welosipedli ýörişe gatnaşdy


Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy boýunça döredilen bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Baýramçylyk welosipedli ýörişi Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän “Welosiped” binasynyň ýanyndan badalga aldy. Döwlet Baştutanymyz çärä gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Olaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, şeýle hem ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar.
Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň we umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyp ýaşlar, jemgyýetçilik wekilleri bar.

Şeýle hem şu gezekki çärä Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Tejen-Aşgabat böleginde 335 kilometr aralyga ilkinji gezek guralan welosipedli ýörişe gatnaşan türgenler hem goşuldylar. Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň gatnaşmagyndaky bu welomarafon dört tapgyrda geçdi we paýtagtymyzdaky “Welosiped” binasynyň ýanynda tamamlandy.
Welosipedli ýöriş paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehana tamamlandy. Döwlet Baştutanymyz Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilen köpçülikleýin sport çäresine gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglyk we üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.








