HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan hem-de Italiýa medeni we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Iýun 04, 2024 | 02:05 |12369
Italiýanyň birnäçe uniwersitetleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we italýan dilini Türkmenistanda ýaýmak maksady bilen, türkmen ýokary okuw mekdepleri bilen gepleşikleri alyp barýarlar. Bu barada Italiýanyň ilçisi  Luiji Ferrari Italiýa Respublikasynyň 78 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen kabul edişlikdäki çykyşynda aýtdy.Italiýanyň birnäçe uniwersitetleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we italýan dilini Türkmenistanda ýaýmak maksady bilen, türkmen ýokary okuw mekdepleri bilen gepleşikleri alyp barýarlar. Bu barada Italiýanyň ilçisi  Luiji Ferrari Italiýa Respublikasynyň 78 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen kabul edişlikdäki çykyşynda aýtdy.
Çeşme: orient.tm

Italiýanyň birnäçe uniwersitetleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we italýan dilini Türkmenistanda ýaýmak maksady bilen, türkmen ýokary okuw mekdepleri bilen gepleşikleri alyp barýarlar. Bu barada Italiýanyň ilçisi Luiji Ferrari Italiýa Respublikasynyň 78 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen kabul edişlikdäki çykyşynda aýtdy.

Ilçi Italiýanyň iki professory ýerli italýan dili mugallymlaryna ýardam bermek üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine iberendigini belledi.

фото (3).jpg

Italýan diplomaty öz ýurdunyň Merkezi Aziýa sebiti bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýändigini we birnäçe gün mundan ozal, 29-njy maýda Italiýanyň DIM-niň Rimde üçünji maslahatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrler derejesindäki wekiliýetlerini kabul edendigini belledi. Maslahatda suw serişdeleri, energetika, saglygy goraýyş, aragatnaşyk we bilim ýaly ugurlar boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşdy. Bu çärä daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

фото (1).jpg

Şeýle hem Luiji Ferrari 2024-nji ýylyň 6-njy martynda Milan şäheri bilen Aşgabadyň arasynda ilkinji ýolagçy gatnawynyň açylmagy bilen Italiýanyň we Türkmenistanyň birek-birege has ýakynlaşandygyny belledi. “Göni howa gatnawy halklarymyzyň köp ugurlarda, şol sanda medeniýet, syýahatçylyk we işewürlik babatda özara gatnaşyklarynyň giňeltmäge ýardam berýär” diýip, ilçi belledi.

фото (4).jpg

Diplomat Türkmenistany Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen gutlap, häzirki wagtda iki ýurduň medeniýet ministrlikleriniň türkmen medeni mirasyny Rimde tanyşdyrmak üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýtdy. Margiananyň we Gadymy Nusaýyň taryhy tapyndylarynyň Gadymy dünýäniň taryhynyň iň iri muzeýleriniň biri bolan Rimiň Kapitoliýa muzeýinde 2025-nji ýylda sergisini guramak boýunça iş alnyp barylýar. Bu taryhy tapyndylaryň birnäçesi türkmen kärdeşleri bilen 30 ýyldan gowrak bäri işleýän Bolonýa we Turin uniwersitetleriniň arheologiýa toparlary tarapyndan ýüze çykaryldy.

фото (11).jpg

Şeýle hem şu ýyl Aşgabatda Italiýanyň ilçihanasynyň açylmagynyň 10 ýyllygy bellenilýär we bu waka mynasybetli italýan sazynyň konsertini geçirmek meýilleşdirilýär diýip, ilçi aýtdy.

Iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar barada aýdylanda bolsa, Luiji Ferrari Türkmenistanda 16 ýyldan bäri işläp gelýän “Eni” italýan kompaniýasyny mysal getirdi. “Eni” ýerli adam serişdelerine esaslanyp, türkmen nebitini çykarmak işine köp mukdarda maliýe serişdelerini goýdy. “Eniniň” işgärleriniň 95 göterimden gowragy, ýagny, 900-e golaý adam milli hünärmenler bolup durýar diýip, Ilçi belledi.

Luiji Ferrari ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary ösdürmekde Italiýanyň daşary söwda agentliginiň aýratyn ornuny belledi. Bu agentlik türkmen kompaniýalary bilen dokma maşyngurluşyk, oba hojalyk we azyk senagaty pudaklarynda täjirçilik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin italýan işewürleriniň Aşgabada saparlaryny guraýar.

фото (7).jpg

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew dabaraly kabul edişlikde italýan kompaniýalarynyň Türkmenistanda giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklaryny belledi.

Diwersifikasiýalaşdyrmagyň, ýokary tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň, ýangyç-energetika, ulag, oba hojalyk we senagat ulgamlarynda iri taslamalary durmuşa geçirmegiň hasabyna Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösdürilmegi italýan işewürleri bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

фото (10).jpg

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda aýratyn orun eýeleýär.

Ýakynda türkmen alymlary Watikana bardylar we türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasy bilen baglanyşykly bu ýerde saklanýan golýazmalary öwrendiler. Italýan professorlary Nusaýda, Goňurdepede gazuw-agtaryş işlerini geçirip, gymmatly açyşlary etdiler we bu açyşlar dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine tanyşdyryldy. Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy we 9-njy iýunda bu gatnaşyklaryň 32 ýyllygy belleniler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026