HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Tbiliside Bütindünýä welosiped güni bellendi

Iýun 03, 2024 | 19:35 |12746
2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Gruziýanyň Milli welosiped federasiýasynyň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Tbilisi-Mtsheta-Tbilisi” ugry boýunça welosipedli ýörişini geçirdi2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Gruziýanyň Milli welosiped federasiýasynyň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Tbilisi-Mtsheta-Tbilisi” ugry boýunça welosipedli ýörişini geçirdi
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in Georgia

2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Gruziýanyň Milli welosiped federasiýasynyň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Tbilisi-Mtsheta-Tbilisi” ugry boýunça welosipedli ýörişini geçirdi. Bu ýöriş Tbilisiniň, şeýle hem Gruziýanyň gadymy paýtagty bolan Mtsheta şäheriniň merkezi köçelerini öz içine aldy.

11399888.jpg

Welosipedli ýöriş başlamazdan öň Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D. Seýitmämmedow şu ýyl döredijiliginiň bahasyna ýetip bolmajak milli mirasy bilen dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilip geçilýändigini aýtdy. 2024-nji ýylda Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary hut onuň ady bilen baglanyşyklydyr. Bu möhüm sene bilen baglylykda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda köp sanly çäreler geçirilýär. Ilçi, şu gün Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilýän çäre, bu ýubileý bilen hem baglanyşyklydygyny belläp geçdi.

20240521_162717.jpg

Ilçi, Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň aprel aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde döredilendigini, bu bolsa bedenterbiýe, sagaldyş we sport hereketini bu ugurdaky döwletleriň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, jemgyýetde ekologiki medeniýetini kämilleşdirmekde dünýä bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň ornuna ýokary baha berilýändigine şaýatlyk edýär diýip aýratyn belledi.

20240521_160931.jpg

Welosipedli ýörişe gatnaşyjylar Bütindünýä welosiped güni sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly ählumumy adamzat gymmatlyklaryny özünde jemläp, sporty parahatçylygyň wekili hökmünde tanatmak, ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.

IMG-5155.jpg

Çäräniň ahyrynda, Ilçihananyň adyndan welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýagygärlik sowgatlary gowşuryldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026