Eýranyň Prezidenti wezipesine saýlawlara gatnaşmak üçin 37 adam hasaba alyndy


Eýranda geçiriljek nobatdan daşary Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin 37 adam resmi taýdan hasaba alyndy. Bu barada ýurduň Saýlawlar merkeziniň wekili Mohsena Eslami «IRIB» teleýaýlymynda ýaýlyma berlen metbugat maslahatynda habar berdi.
Merkeziň wekili dalaşgärleriň aglabasynyň, ýagny 37 dalaşgäriň 20-siniň 2-nji iýunda Saýlawlar merkezine resminamalaryny tabşyrandygyny aýtdy. Olaryň arasynda Eýranyň ozalky Prezidenti Mahmud Ahmedinejad hem bar.
Dört günüň dowamynda hasaba alnan dalaşgärleriň hatarynda medeniýet we yslam dolandyryş ministri Mohammad Mehdi Esmaili, parlamentiň ozalky başlygy Ali Larijani, Merkezi Bankyň ozalky başlygy we 2021-nji ýylda geçirilen soňky saýlawlarda özgertmeleriň tarapdary bolan ýeke-täk dalaşgär Abdolnaser Hemmati, Tähranyň häkimi Alireza Zakani, ruhy ýolbaşçynyň Eýranyň Howpsuzlyk geňeşindäki wekili Said Jalili, ruhy ýolbaşçynyň diwanynyň başlygynyň ozalky orunbasary Wahid Haganiýan, şeýle hem eýranly zenanlaryň ýeke-täk wekili Zohre Elahiýan, şaýy dindary Mohammad Reza Mirtaj ol-Dini, Tähran uniwersitetiniň rektory Mohammad Mogimi hem-de ozalky ýa-da häzirki parlamentariler bolan beýleki syýasatçylar bar.
Eýranda geçiriljek 14-nji Prezident saýlawlaryna dalaşgärleri hasaba almak 30-njy maýda başlandy we 3-nji iýuna çenli dowam eder. 4-nji iýundan başlap, Konstitusiýanyň Goragçylar Geňeşi dalaşgäriň Prezidentlige laýykdygyny ýa-da däldigini kesgitlemek üçin bir hepdäniň dowamynda dalaşgärleri gözden geçirer. Gatnaşyjylaryň ahyrky sanawy 11-nji iýunda yglan ediler.
Eýranda saýlawlar 28-nji iýunda geçiriler.
ORIENT news








