“Türkmenhowaýollary” Aşgabatdan Kazana we Kazandan Aşgabada howa gatnawlaryny wagtlaýynça togtatdy


“Türkmenhowaýollary” Aşgabatdan Kazana we Kazandan Aşgabada howa gatnawlaryny wagtlaýynça togtadýar we ýolagçylara Moskwa ugry boýunça gatnawlardan peýdalanmagy teklip edýär.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2-nji iýundan başlap, Aşgabat-Kazan-Aşgabat ugry boýunça uçuşlary togtadýar. Russiýa Federasiýasyna uçuşlar Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça amala aşyrylar diýlip, kompaniýanyň saýtynda habar berilýär.
Aşgabat-Kazan-Aşgabat ugry boýunça awiapetekler Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça uçuşlar amala aşyrmak üçin peýdalanyp bilner.
Şeýle hem 2024-nji ýylyň 2-nji iýunyndan 17-nji iýunyna çenli Aşgabat-Kazan ugry boýunça awiapetekleri bolan ýolagçylar üçin Moskwanyň howa menzilinden Tatarystanyň paýtagtyna tölegsiz uçuşlar guralar.
Kazan-Aşgabat ugry boýunça petekleri bolan ýolagçylar üçin bolsa soňra Aşgabada gitmek üçin Kazanyň howa menzilinden Moskwanyň howa menziline tölegsiz uçuş guralar. Şoňa görä-de, ýolagçylarydan Kazanyň howa menziline uçuşdan 3 sagat öň gelmegi haýyş edýärler.
Ähli satyn alnan petekler hereket edýär. Şunda ýolagçylara Aşgabat-Kazan-Aşgabat ugry boýunça satyn alnan petekleri ýygymsyz we tutumsyz Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugruna üýtgetmek mümkinçiligi teklip edilýär. Petekleri kassalarda üýtgetmegiň zerurlygy ýok. Ýolagçylar Aşgabadyň we Moskwanyň howa menziline petekde bellenen senä we wagta baglylykda gelip bilerler.
Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugruna peteklerini üýtgetmek islemeýän ýolagçylara Türkmenistanyň awiakompaniýasynyň hereket edýän düzgünlerine laýyklykda, pul serişdeleri dolulylygyna gaýtarylyp berler. Pul serişdeleri diňe petegiň satyn alnan ýurdunda gaýtarylyp berilýär.
Goşmaça maglumatlary şu telefon belgileri boýunça alyp bilersiňiz.
Russiýa Federasiýasy:
+8-812-459-98-99
Moskwa: +79032432250
- 79151098502
Kazan: + 78435005531
Sankt-Peterburg: + 78124599899
Hem-de turkmenistanairlines.tm saýtynda görkezilen belgi boýunça
Aşgabatda:+99312230318, +99312230315, 37-84-52, 37-84-32
Elektron salgy info@turkmenistanairlines.tm








