HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýanyň karantin fitosanitar gözegçiligini üpjün etmek ulgamy bilen tanyşdy

Iýun 03, 2024 | 13:05 |13231
Türkmenistanyň ygtyýarly edaralarynyň hünärmenler topary Russiýanyň karantin fitosanitar gözegçiligini üpjün etmek ulgamy, dänäniň hiline we howpsuzlygyna gözegçilik etmek ulgamy, hususan-da galyndy pestisidleriň düzümine gözegçilik etmek ulgamy bilen tanyşmak üçin Russiýada boldy.Türkmenistanyň ygtyýarly edaralarynyň hünärmenler topary Russiýanyň karantin fitosanitar gözegçiligini üpjün etmek ulgamy, dänäniň hiline we howpsuzlygyna gözegçilik etmek ulgamy, hususan-da galyndy pestisidleriň düzümine gözegçilik etmek ulgamy bilen tanyşmak üçin Russiýada boldy.
Çeşme: fsvps.gov.ru

Türkmenistanyň ygtyýarly edaralarynyň hünärmenler topary Russiýanyň karantin fitosanitar gözegçiligini üpjün etmek ulgamy, dänäniň hiline we howpsuzlygyna gözegçilik etmek ulgamy, hususan-da galyndy pestisidleriň düzümine gözegçilik etmek ulgamy bilen tanyşmak üçin Russiýada boldy.

Wekiliýetiň düzümi Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň Iýmit önümleriniň barlaghana-gural usullary arkaly barlagy bölümçesiniň müdiri Bahargül Muhyýewadan, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Iýmit önümlerine döwlet gözegçiligi we barlag geçirip güwänama berýän bölüminiň müdiri Annakerim Annamyradowdan, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikler boýunça Döwlet karantin gullugynyň daşarky karantin bölüminiň müdiri Toýly Kakajanowdan ybarat boldy.

Wekiliýetiň agzalary 28-nji we 29-njy maýda «Dänäniň hiline baha bermek merkezi» Federal Döwlet býudjet institutynyň synag barlaghanalaryna, hususan-da onuň Moskwadaky, Moskwa oblastyndaky we Demirgazyk Kawkazdaky şahamçalaryna baryp gördüler.

Şeýle hem olar synag barlaghanalarynyň dürli bölümlerine baryp gördüler, şol ýerde guramanyň ýörelgeleri hem-de dänäniň hiliniň we howpsuzlygynyň barlaghana synaglarynyň tutuş toplumy, tehniki enjamlar, gözlegiň obýektleri we görkezijileri baradaky maglumatlar, Russiýadan daşary ýurtlara iberilýän galla önümlerine gözegçiligiň tapgyrlary bilen tanyşdylar.

Synag barlaghanalaryna amala aşyran saparlarynyň jemini jemläp, wekiliýetiň başlygy Bahargül Muhyýewa russiýaly kärdeşleri bilen işiň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçiligiň döredilendigini nygtap, bu saparyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, ol russiýaly hünärmenleri şunuň ýaly saapr bilen Aşgabat şäherine gelmäge çagyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026