HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda welosipedli ýörişiň ýaş gatnaşyjylary sylaglandy

Iýun 07, 2024 | 09:55 |12430
Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde 27 – 29-njy maý aralygynda geçirilen welosipedli ýörişe gatnaşyjylary sylaglamak dabarasyny geçirdi.Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde 27 – 29-njy maý aralygynda geçirilen welosipedli ýörişe gatnaşyjylary sylaglamak dabarasyny geçirdi.
Çeşme: turkmenistan.unfpa.org

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde 27 – 29-njy maý aralygynda geçirilen welosipedli ýörişe gatnaşyjylary sylaglamak dabarasyny geçirdi.

Her ýyl 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýörişe 40-dan gowrak ýaş oglan we gyz gatnaşdy. Ýaş welosipedçiler bellenen aralygy ruhubelentlik bilen geçip, Türkmenistanyň ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty we gender deňligini wagyz etmäge ygrarlydygyny görkezdiler.

UNFPA-nyň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy Kemal Goşlyýewiň belleýşi ýaly, welosiped sürmek diňe bir saglygy goramaga däl, eýsem, ýaşyl ösüş maksadyna ýetmäge hem goşant goşýar.

Sylag gowşurylyş dabarasyndan başga-da, bu çäräniň çäklerinde Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti UNFPA bilen bilelikde welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň arasynda gender deňligi, deň mümkinçilikler we ýaşlaryň ýurduň ösüşindäki orny barada bäsleşik hem-de çekişmeleri geçirdi.

Türkmen türgenleri dünýä derejesindäki ýaryşlarda ajaýyp netijeleri görkezýärler. Munuň özi zenanlaryň durmuşyň islendik ugrunda, şol sanda sportda üstünlik gazanmaga ukyplydygyny subut edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026