«Alibaba» kompaniýasy Parižde geçiriljek Olimpiadada ýokary hilli göni ýaýlymy üpjün eder


2024-nji ýylda Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna az wagt galanda, bütin dünýäden olimpiýa hyzmatdaşlary ýaryşyň üstünlikli geçmegine goşant goşmaga taýýarlanýarlar.
«Alibaba Group» elektron söwda zynjyrynyň dükanlary Olimpiýa teleradioýaýlymlar gullugy bilen hyzmatdaşlykda bulut tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini ulanyp, Olimpiýa oýunlaryny ýaýlyma bermegiň usulyny üýtgetmegiň ugrunda işleýär. Bu barada «Alibaba Group» kompaniýasynyň strategiki ösüş boýunça prezidenti Kris Tang gürrüň berdi.
Bulut tehnologiýalaryny ulanmak iň az wagt sarp etmek we iň amatly maliýe maýa goýumlary bilen iň ýokary netijeliligi gazanmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, tomaşaçylar dürli mazmuny ýokary hilli ýaýlymda görerler. Bulut arkaly ýaýlyma bermek Parižde geçiriljek Olimpia oýunlarynda ilkinji gezek mazmuny paýlamagyň esasy usuly bolar.
«äzirki wagtda bolup geçýän sanly üýtgeşmelere umyt bilen garaýaryn. Tomaşaçylara Oýunlara düýbünden başgaça garaýşy hödürlemek üçin köp bulut tehnologiýalaryny we emeli aňy ulanmaga synanyşýarys» diýip, Kris Tang aýtdy.
ORIENT news








