HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisiniň Ukrainanyň döwlet söwda-ykdysady uniwersitetiniň ýolbaşçy düzümi bilen geçirlen duşuşygy

Maý 30, 2024 | 13:40 |11530
2024-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň diplomatlary Ukrainanyň Döwlet söwda-ykdysady uniwersitetinde bu ýokary okuw jaýynyň rektorynyň çakylygy esasynda baryp gördüler.
Bu ýokary okuw jaýy söwda, ykdysadyýet, dolandyryş, restoran, myhmanhana we syýahatçylyk biznesi, maglumat tehnologiýasy we beýleki pudaklar üçin hünärmenleri taýýarlaýar.2024-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň diplomatlary Ukrainanyň Döwlet söwda-ykdysady uniwersitetinde bu ýokary okuw jaýynyň rektorynyň çakylygy esasynda baryp gördüler.
Bu ýokary okuw jaýy söwda, ykdysadyýet, dolandyryş, restoran, myhmanhana we syýahatçylyk biznesi, maglumat tehnologiýasy we beýleki pudaklar üçin hünärmenleri taýýarlaýar.
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in Ukraine

2024-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň diplomatlary Ukrainanyň Döwlet söwda-ykdysady uniwersitetinde bu ýokary okuw jaýynyň rektorynyň çakylygy esasynda baryp gördüler. Bu ýokary okuw jaýy söwda, ykdysadyýet, dolandyryş, restoran, myhmanhana we syýahatçylyk biznesi, maglumat tehnologiýasy we beýleki pudaklar üçin hünärmenleri taýýarlaýar.

Türkmenistanyň Ilçisi Toýly Ataýewiň uniwersitetiň ýolbaşçy düzümi bilen, şeýle hem Halkara Söwda-senagat palatasynyň Ukraina milli komitetiniň (ICC Ukraina) wise-prezidentiniň gatnaşmagynda geçirlen duşuşygyň dowamynda taraplar ylym, bilim we ynsanperwer ugurlar boýunça hünär tejribelerini alyşmak maksady bilen Türkmenistanyň hem-de Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda gönümel aragatnaşygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Rektor Anatoliý Mazaraki uniwersitetiň halkara derejesinde gazanan üstünlikleri barada durup geçdi we dünýäniň 13 sany ýurdundan gelen daşary ýurt raýatlarynyň uniwersitetde bilim alýandyklary, öwreniş we döredijilik taýdan ösmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini aýtdy. Şeýle hem, rektor uniwersitetiň Türkmenistandan dalaşgärleriň arasynda ökde hünärmenleri taýýarlamaga ýokary derejede gyzyklanmanyň bardygyny we taýýardygyny mälim etdi.

DSC_2025.JPG

Ilçi T.Ataýew duşuşyk üçin uniwersitetiň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi we uniwersitetde bilim berilýän hünärlere biziň ýurdumyzda hem islegiň bardygyny habar berdi. Duşuşyk tamamlananyndan soň, türkmen diplomatlary üçin uniwersitetiň binalary we okuw jaýynyň maddy-tehniki binýady bilen tanyşlyk gezelenji guraldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026