HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Halal lukmançylyk syýahatçylygy: Russiýa yslam ýurtlaryndan gelýän hassalaryň sany artýar

Iýun 01, 2024 | 10:00 |13369
2020-nji ýyldan bäri Russiýada 17,5 milliondan gowrak daşary ýurtly myhmanlar lukmançylyk hyzmatlaryny aldylar. Olaryň aglaba bölegi Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň ýurtlaryndandyr. Ilkinjileriň hatarynda Özbegistan (22%), Täjigistan   (20%), Gyrgyzystan (5%), Gazagystan (5%) bar. Türkiýeden bolsa, 67 müň 200 adam lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalandy. Bu maglumatlar “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum 2024” 15-nji halkara ykdysady forumynda beýan edildi.2020-nji ýyldan bäri Russiýada 17,5 milliondan gowrak daşary ýurtly myhmanlar lukmançylyk hyzmatlaryny aldylar. Olaryň aglaba bölegi Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň ýurtlaryndandyr. Ilkinjileriň hatarynda Özbegistan (22%), Täjigistan   (20%), Gyrgyzystan (5%), Gazagystan (5%) bar. Türkiýeden bolsa, 67 müň 200 adam lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalandy. Bu maglumatlar “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum 2024” 15-nji halkara ykdysady forumynda beýan edildi.
Çeşme: inbusiness.kz

2020-nji ýyldan bäri Russiýada 17,5 milliondan gowrak daşary ýurtly myhmanlar lukmançylyk hyzmatlaryny aldylar. Olaryň aglaba bölegi Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň ýurtlaryndandyr. Ilkinjileriň hatarynda Özbegistan (22%), Täjigistan (20%), Gyrgyzystan (5%), Gazagystan (5%) bar. Türkiýeden bolsa, 67 müň 200 adam lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalandy. Bu maglumatlar “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum 2024” 15-nji halkara ykdysady forumynda beýan edildi.

«2019-njy ýylda ýörite maksatnamanyň döredilmegi bilen Russiýada lukmançylyk syýahatçylygy işjeň ösüp ugrady», - diýip, “Lukmançylyk hyzmatlarynyň eksportyny ösdürmek” federal taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Utgaşdyryjy merkeziň ýolbaşçysy Kirill Girin aýtdy.

Häzirki wagtda daşary ýurtly myhmanlar Russiýanyň hassahanalarynda 28 ugur boýunça bejergi alýarlar. 2023-nji ýylda lukmançylyk hyzmatlarynyň ilkinji 5-ligine onkologiýa we şöhle bejergisi (25%), trawmatologiýa we ortopediýa (20%), ýürek-damar hirurgiýasy (17%), oftalmologiýa (9%) we neýrohirurgiýa (7%) girdi. Daşary ýurtly lukmançylyk syýahatçylarynyň arasynda meşhur 5 sebitiň hataryna Moskwa we Moskwa oblasty, Sankt-Peterburg, Nowosibirsk oblasty, Swerdlowsk oblasty we Tatarystan Respublikasy girýär.

“Soňky wagtda Özbegistandan, Täjigistandan we Gazagystandan gelýän hassalaryň sany artdy”, - diýip Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Milli radiologiýa lukmançylyk barlag merkeziniň baş direktory Andreý Karpin habar berdi.

Merkezde daşary ýurtly hassalara telelukmançylyk maslahatlary, wiza almak üçin kömek berýärler, iňlis dilinden terjimeçiniň hyzmatlaryny hödürleýärler, howa menzilinde garşylaýarlar, ýokary amatlyklary bolan hassahana otaglarynda ýerleşdirýärler.

«Pandemiýa telelukmançylygyň ösmegine ýardam berdi. Häzir bu birnäçe dillerde uzak aralykdan maslahat bermäge mümkinçilik berýän gural bolup durýar we hassalar tarapyndan goldanylýar», diýip Andreý Karpin belledi.

Soňky 5 ýylyň içinde Tatarystan Respublikasyndan gelýän daşary ýurtly hassalaryň sany 8 esse artdy, ýurtlaryň geografiýasy bolsa 163-e ýetdi. Şeýle maglumaty Tatarystan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Çagalar kliniki hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary Alla Gumerowa getirdi.

Transplantasiýa, onkologiýa we neýrohirurgiýa daşary ýurtly hassalaryň Tatarystanda bejergi alýan esasy ugurlarydyr.

«Biziň hassahanymyzyň binýadynda halal-lukmançylygyň ösdürilmegi bizi buýsandyrýar. 2015-nji ýyldan bäri hassahanamyzda Tatarystan Respublikasynyň Musulmanlaryň dini müdürliginiň “Halal” standarty boýunça komitetiniň şahadatnamasy hereket edýär. Lukmançylyk işgärleri Yslam institutynda “Halal” standarty boýunça bilim aldylar. Hassalara ýerine ýetirilen hyzmatlaryň yslamyň kadalaryna laýyk gelýändigi baradaky şahadatnama gowşurylýar», - diýip Alla Gumerowa gürrüň berdi. Şeýle hem ol hassahanada namaz okamak üçin ýörite otagyň bardygyny, iýmit önümleriniň we lukmançylyk serişdeleriniň halal standartlaryna laýyk gelýändigini aýtdy.

«Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň goldaw bermeginde 2023-nji ýylda hassahananyň çäginde bitewi toplumyň düzüminde metjidiň gurluşygyna badalga berildi. Şu tomus bu toplum açylar», - diýip ol sözüniň üstüni ýetirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026