Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri Slowakiýede hünär derejelerini ýokarlandyrdylar

Maý 29, 2024 | 22:45 |9924
Merkezi Aziýada hukuk düzgün tertibini üpjün etmek boýunça Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän taslama Özbegistanyň we Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýörite maksatly bölümleriniň 9 sany işgäri üçin Slowakiýäniň Bratislawa şäherinde okuwlaryň 2-nji tapgyryny gurady.Merkezi Aziýada hukuk düzgün tertibini üpjün etmek boýunça Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän taslama Özbegistanyň we Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýörite maksatly bölümleriniň 9 sany işgäri üçin Slowakiýäniň Bratislawa şäherinde okuwlaryň 2-nji tapgyryny gurady.
Çeşme: EU IN UZBEKISTAN

Merkezi Aziýada hukuk düzgün tertibini üpjün etmek boýunça Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän taslama Özbegistanyň we Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýörite maksatly bölümleriniň 9 sany işgäri üçin Slowakiýäniň Bratislawa şäherinde okuwlaryň 2-nji tapgyryny gurady.

2024-nji ýylyň 15-19-njy aprelinde geçirilen okuwyň 1-nji tapgyryna Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdylar. Bu okuw ISEMI-niň himiki, biologiki, radiologiki we ýadro-partlama howplarynda ýöriteleşen bilermenleri, şol sanda Slowakiýanyň howpsuzlyk we ýangyna garşy göreşmek toparlarynyň serkerdeleri tarapyndan geçirildi. Maksatnama Slowakiýanyň bilim ministrligi tarapyndan tassyklanyldy we Ýewropa Bileleşiginiň üznüksiz okuw ulgamyndaky standartlaryna laýyk gelýär.

Okuwyň dowamynda himiki, biologiki, radiologiki we ýadro-partlama materiallarynyň ýarag hökmünde ulanylýan, hukuk goraýjy edaralary üçin kynçylyk döredýän hem-de işgärlere we zamunlara howp salýan sahnalara aýratyn üns berildi. Okuwa gatnaşyjylar nazaryýet sapaklarynyň tejribe sapaklary bilen toplumlaýyn utgaşdyrylmagyna ýokary baha berdiler.

Munuň özi Ýewropa Bileleşigindäki kärdeşler bilen hyzmatdaşlygy ýeňilleşdirdi diýip Ýewropa Bileleşiginiň Özbegistandaky wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026