HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gruziýa BSG girmek babatda Türkmenistan bilen tejribe paýlaşýar

Maý 29, 2024 | 20:23 |15207
Şu hepde, 27-31-nji maý aralygynda Tiblisi şäherine saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä söwda guramasyna girmek boýunça gepleşikleri geçirmek babatda Gruziýanyň tejribesi bilen tanyşýar.Şu hepde, 27-31-nji maý aralygynda Tiblisi şäherine saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä söwda guramasyna girmek boýunça gepleşikleri geçirmek babatda Gruziýanyň tejribesi bilen tanyşýar.
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in Georgia

Şu hepde, 27-31-nji maý aralygynda Tiblisi şäherine saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä söwda guramasyna girmek boýunça gepleşikleri geçirmek babatda Gruziýanyň tejribesi bilen tanyşýar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, adalat ministrliginiň, merkezi bankyň, döwlet gümrük gullugynyň we beýleki edaralaryň wekilleri girdiler.

-5382362636806643320_121.jpg

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrligindäki, daşary işler ministrligindäki, Salgyt gullugyndaky kärdeşleri, şeýle hem gümrük departamentiniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler.

-5382362636806643323_121.jpg

Duşuşyklaryň dowamynda söwda-ykdysady ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy meselelerine seredildi hem-de Gruziýanyň BSG-a goşulmagy bilen baglanyşykly tejribesi öwrenildi. Mundan başga-da, BSG-a agzalygyň çäklerinde gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak we ýönekeýleşdirmek, özgertmeleri geçirmek bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Türkmen wekiliýetiniň sapary dowam edýär.

-5382362636806643305_121.jpg

Gruziýa 1996-njy ýylyň 3-nji iýulynda Bütindünýä söwda guramasyna girmek üçin ýüz tutdy. Gepleşikler 1999-njy ýyla çenli dowam etdi we 6-njy oktýabrda BSG-nyň baş geňeşi tarapyndan ýüz tutma makullanyldy. Gepleşik prosesiniň tiz geçendigi, beýleki agza ýurtlaryň kän-bir garşylyk görkezmändigi bellenildi. Aprel aýynda Gruziýanyň parlamentini gurama girmek baradaky Ähtnamany tassyklandan soňra, 2000-nji ýylyň 14-nji iýunynda Gruziýa BSG-niň 137-nji agzasy boldy. Şeýlelikde, ýurduň kabul edilmek prosesi 3 ýyl, 11 aý we 11 güne çekdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026