HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Duşenbe şäherinde GDA-nyň migrasiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

Maý 28, 2024 | 22:01 |9555
28-nji maýda  Duşenbe şäherinde GDA-nyň migrasiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärä Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň, GDA-nyň parlamentara assambleýasynyň, GDA-nyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ählumumy konfederasiýasynyň we Terrorçylyga garşy merkeziniň wekiliýetleri gatnaşdylar.28-nji maýda  Duşenbe şäherinde GDA-nyň migrasiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärä Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň, GDA-nyň parlamentara assambleýasynyň, GDA-nyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ählumumy konfederasiýasynyň we Terrorçylyga garşy merkeziniň wekiliýetleri gatnaşdylar.
Çeşme: mehnat.tj

28-nji maýda Duşenbe şäherinde GDA-nyň migrasiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärä Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň, GDA-nyň parlamentara assambleýasynyň, GDA-nyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ählumumy konfederasiýasynyň we Terrorçylyga garşy merkeziniň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda migrasiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň agzalary on meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Terrorçylyga garşy merkez bilen GDA-nyň migrasiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama esasy meseleleriň biri boldy. Geňeşiň agzalary resminamanyň taslamasyny makulladylar hem-de başlyga Ähtnama gol çekmegi tabşyrdylar.

1.png

Migrasiýa ýagdaýy hem-de migrasiýa ulgamynda GDA gatnaşyjy döwletleriň milli kanunçylygyndaky üýtgetmeler, bikanun migrasiýa bilen göreşmek ulgamynda jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça 2019-2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki çäreleriň döwletara maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň netijeleri, Parlamentara Assambleýasy tarapyndan migrasiýa ulgamynda nusgalyk kanunçylyk namalarynyň taýýarlanylyşy bilen bagly meseleler mejlisiň gün tertibindäki beýleki meseleleriň hatarynda boldy, diýlip GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär.

2.png

Mejlise gatnaşyjylar Belarus Respublikasynyň degişli edaralarynyň daşary ýurtly talyplar babatda alyp barýan işiniň tejribesi, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň readmissiýa hakyndaky halkara şertnamalary baglaşmakda we durmuşa geçirmekde toplan tejribesi bilen tanyşdylar, Azerbaýjan Respublikasynda “Bir penjire” ýörelgesi boýunça migrasiýa hyzmatlarynyň üpjün edilişi baradaky maglumaty diňlediler.

3.png

Mejlise gatnaşyjylar Dangara raýonyndaky Başarnyklary ösdürmek merkezine baryp gördüler. Bu Merkez “Hünär başarnyklaryny we işe ýerleşmek mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak” atly taslamanyň çäklerinde döredildi we özünde okuw binalaryny, umumy ýaşaýyş jaý binalaryny, okuw-önümçilik ussahanalaryny, sport meýdançasyny, çagalar bagyny jemleýär.

Dangara raýonyndaky Başarnyklary ösdürmek merkezi iş gözleýän ýaşlar we zenanlar üçin hyzmatlary gowulandyrmaga çalyşýar. Ol işe ýerleşmek boýunça toplumlaýyn hyzmatlary, şol sanda hünär taýdan taýýarlamak hyzmatlaryny we täze okuw maksatnamasyny hödürleýär. Şeýle hem iş orunlaryna dalaşgärler üçin talyp haky maksatnamasy göz öňünde tutulypdyr. Merkezde bakjaçy, gök önümleri we miweleri gaýtadan işlemek, oba hojalyk we öý hojalyk tehnikasyny abatlamak, fermerçilik hojalygynyň ýolbaşçysy ýaly ugurlar boýunça hünär taýýarlygyny özleşdirmek bolýar.

4.png

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

23:15 Sentýabr 30, 2026
Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

18:05 Sentýabr 30, 2026
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026