HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Gyrgyzystan derman senagatynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýärler

Maý 27, 2024 | 19:17 |9604
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedow Gyrgyzystanyň saglygy goraýyş ministri Alymkadyr Beýşanaliýew bilen duşuşdy.Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedow Gyrgyzystanyň saglygy goraýyş ministri Alymkadyr Beýşanaliýew bilen duşuşdy.
Çeşme: akipress.org

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedow Gyrgyzystanyň saglygy goraýyş ministri Alymkadyr Beýşanaliýew bilen duşuşdy.

Taraplar derman senagaty hem-de lukmançylyk tehnikasy ulgamynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Antibiotikleri öndürmek boýunça Türkmen-hindi bilelikdäki kärhanasynda öndürilýän ýokary hilli we arzan bahaly derman serişdelerini Gyrgyzystanyň bazaryna ornaşdyrmak mümkinçiligi duşuşygyň esasy meseleleriniň biri boldy.

Şeýle hem duşuşygyň gün tertibine Hazar deňziniň kenaryndan alynýan bejergi palçygynyň önümçiligini Gyrgyzystanda ýola goýmak meselesi girizildi. Myrat Mämmedow bejergi palçygyny lukmançylykda ulanmak boýunça tejribe paýlaşdy hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi diýip, AKI press habar berýär.

Mundan başga-da, türkmen önüm öndürijileriniň öndürýän derman serişdelerini we medisina tehnikalaryny Gyrgyzystana ibermek mümkinçiligi maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy önümçilik we medisina preparatlaryny hem-de tehnikalary öndürýän kärhanalary barada maglumat berdi, şeýle hem gyrgyz kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi.

A.Beýşanaliýew Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanmalaryny beýan edip, iki ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny gowulandyrmak üçin tejribe alyşmak işiniň möhümdigini belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026