HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Balkanabatly ýaş suratkeş gyz “mekdebiňe öz eseriňi sowgat ber” göreldesine eýerdi

Maý 27, 2024 | 01:15 |13105
Balkanabadyň Çagalar suratkeşlik mekdebiniň okuwçysy Hatyja Gurbanowa Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärelerden ruhlanyp, nusgawy şahyryň suratyny çekdi.Balkanabadyň Çagalar suratkeşlik mekdebiniň okuwçysy Hatyja Gurbanowa Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärelerden ruhlanyp, nusgawy şahyryň suratyny çekdi.
Çeşme: orient.tm

Balkanabadyň Çagalar suratkeşlik mekdebiniň okuwçysy Hatyja Gurbanowa Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärelerden ruhlanyp, nusgawy şahyryň suratyny çekdi.

Ýaş suratkeş öz eserini 22-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebe sowgat bermegi makul bildi. Bu ýerde fizika we matematika dersleri çuňlaşdyrylyp okadylýar.

“Ýagly boýaglar bilen işlemek örän gyzykly, akyldar şahyryň keşbini surata geçirjek bolup, men örän tolgundym, sebäbi men bu işi täze öwrenýärin. Ýöne maňa mugallymym Zelili Amanjaýewiň nesihatlary kömek etdi. Ol meniň pikirimi goldady hem-de kynçylyklardan gorkmazlygy we dogruçyl bolmagy maslahat berdi. Bu bolsa meniň ynamymy artdyrdy” diýip, Hatyja aýtdy.

Şeýle hem ol meşhur türkmen heýkeltaraşy we döredijilikli ýaşlaryň halypasy Saragt Babaýewiň ussahanasyna birnäçe gezek baryp görendigini gürrüň berdi.

“Her gezek ol ýere baranymda, men özümi başga dünýä düşen ýaly duýýaryn, sungata maýyl bolýaryn, köp işlemek, täze tilsimleri öwrenmek hem-de geljekde özümiň döredip biljek gözelligimiň bir bölejigini bu dünýä dahyl etmek isleýärin” diýip, ol duýgularyny paýlaşdy.

Hatyja Saragt Babaýewiň ogly we okuwçysy Bally Babaýewiň göreldesine eýerip, öz mekdebine surat sowgat berendigini aýtdy. Bally gutardyş synpyň okuwçysyka, özüniň heýkeltaraşlyk kompozisiýasyny Aşgabatdaky mekdebine sowgat beripdi.

AND_3059.JPG

“Bu meni öz mekdebim üçin nähilidir bir gowy işi etmäge hem-de beýleki ýaşlara öz arzuwlaryna eltýän ýoldaky kynçylyklara döz gelmek baradaky özboluşly göreldäni görkezmäge ruhlandyrdy” diýip, Hatyja sözüniň üstüni ýetirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026