HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Söwda we bilim: Belarusuň ilçisi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitledi

Maý 26, 2024 | 23:45 |10176
Belarusuň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý žurnalistler bilen söhbetdeşlikde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitledi diýip, BELTA habar berýär.Belarusuň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý žurnalistler bilen söhbetdeşlikde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitledi diýip, BELTA habar berýär.
Çeşme: orient.tm

Belarusuň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý žurnalistler bilen söhbetdeşlikde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitledi diýip, BELTA habar berýär.

“Biziň önümlerimizi Türkmenistana ibermek, türkmen önümlerini bolsa, Belarusa ibermek boýunça birnäçe söwda şertnamalary bar. Aşgabatda Belarus Söwda öýi, Minskide bolsa Türkmen Söwda öýi hereket edýär. Olaryň üsti bilen önümleriň giň görnüşleri ýerlenilýär. Şeýle hem hususy kärhanalaryň arasynda göni hyzmatdaşlyk hem alnyp barylýar. Biz türkmen bazaryna maşyngurluşyk pudagynyň önümlerini, hususan-da, awtobuslary, ýük awtomobilleri, traktorlary ibermek işini dikeltmek isleýäris. Häzirlikçe bu işde käbir meseleler bar. Ýöne biz olaryň üstünde işleýäris” diýip, Wýaçeslaw Beskostyý aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Belarusuň bazarynda Türkmenistanyň dokma önümleri, gap-gaçlar, nah egin-eşikleri uly meşhurlyga eýedir. Soňky ýyllarda Belarusa pomidoryň eksporty ep-esli artdy.

“Biziň Türkmenistana iberýän önümlerimiziň aglabasy süýt we et önümlerinden ybaratdyr. Belarussiýanyň azyk önümleri türkmen sarp edijileri üçin özboluşly hil nyşany bolup durýar. Eger Belarussiýada öndürilen bolsa, bu önümler diňe bir süýji bolman, eýsem, peýdalydyr diýlip hasaplanylýar. Peýnir, ýag, ýogurt, uýadylan gaýmak, çig gaýmak we beýleki süýt önümleri örän geçginli. Şeýle hem şeker, alkogol önümleri, etil spirti, agaç senagatynyň önümleri iberilýär. Bu ýerde Belarusuň önümleri giň islegden peýdalanýar. Biz täze gatnaşyklary gözleýäris hem-de işewür toparlaryň wekiliýetleriniň yzygiderli saparlaryny guramaga çalyşýarys” diýip, ilçi belledi.

Eýýäm köp ýyllaryň dowamyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugry bilim ulgamy bolup durýar. Bäş ýyl mundan ozal Belarusuň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň sany 12 müňe ýetýärdi. Belarusdaky daşary ýurtly talyplaryň her bäşinjisi Türkmenistandandy. Häzirki wagtda bu görkeziji iki esse azaldy. Pandemiýadan soňra, türkmen dalaşgärleriniň işjeňligi duýulýar. Geçen ýyl birinji ýyl talyplaryň 2 müňe golaýyna wiza berildi, şu ýyl bolsa bu görkeziji ýokarlanar. Birnäçe ýyldan biz bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejelerine çykajakdygymyza umyt edýärin. Belarussiýada ýokary bilim alan türkmen raýatlary öz ýurtlaryna gaýdyp geleninden soňra, dürli ugurlarda isleg bildirilýän hünärmenler bolup işleýärler” diýip, Wýaçeslaw Beskostyý belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwa «Dutaryň owazlary» atly X halkara festiwalynyň çäklerinde ylmy maslahaty kabul eder

Moskwa «Dutaryň owazlary» atly X halkara festiwalynyň çäklerinde ylmy maslahaty kabul eder

23:26 Iýul 11, 2026
«Ashgabat Mall» — söwda we dynç alyş üçin iň iri hem-de iň döwrebap merkezleriň biri (wideo)

«Ashgabat Mall» — söwda we dynç alyş üçin iň iri hem-de iň döwrebap merkezleriň biri (wideo)

21:00 Iýul 11, 2026
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy, ýöne ýaraşygyň tamamlanandygyny yglan etdi

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy, ýöne ýaraşygyň tamamlanandygyny yglan etdi

20:00 Iýul 11, 2026