HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekilleri Belgiýada ÝB-niň daşary syýasaty boýunça tälim aldylar

Maý 26, 2024 | 17:48 |10945
Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň wekilleri 13-24-nji maý aralygynda Belgiýanyň Brýugge şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň diplomatlary we resmi adamlary üçin Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň meseleleri boýunça guralan ýörite okuw maslahatyna gatnaşdylar.Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň wekilleri 13-24-nji maý aralygynda Belgiýanyň Brýugge şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň diplomatlary we resmi adamlary üçin Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň meseleleri boýunça guralan ýörite okuw maslahatyna gatnaşdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy tarapyndan berilen

Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň wekilleri 13-24-nji maý aralygynda Belgiýanyň Brýugge şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň diplomatlary we resmi adamlary üçin Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň meseleleri boýunça guralan ýörite okuw maslahatyna gatnaşdylar.

53741933787_fa3ef0201a_o.jpg

Iki hepde dowam eden okuwa Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 25 wekil gatnaşdy. Bu okuw maslahaty Ýewropa kolleji tarapyndan guraldy, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan bolsa maliýeleşdirildi.

53742862301_c35ce8feb3_o.jpg

Okuw maksatnamasy boýunça oňa gatnaşyjylar ÝB-niň daşary syýasaty we howpsyzlyk syýasaty, şeýle hem ÝB-niň Merkezi Aziýa bolan gatnaşygy baradaky düşünjeler bilen tanyşdyryldy.

IMG_20240525_210920.jpg

Okuw maslahatynyň sessiýalarynda dürli ugurlar, şol sanda ÝB-niň syýasatyndaky esasy syýasatçylar, ÝB-niň institutlary we çözgüt kabul etmek prosesleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi bilen gepleşikleri geçirmegiň strategiýalary barada giňişleýin durlup geçildi diýip, Türkmenistanyň ilçihanasynda habar berdiler.

Ýörite okuw sapaklary hem-de ÝB agza döwletleriň arasyndaky gepleşikleri gaýtalaýan okuw sapaklary gatnaşyjylara tejribesini baýlaşdyrmaga, Ýewropa kollejiniň rektory hem-de ÝB-niň ozalky ýokary wezipeli diplomaty Federika Mogerini bilen kaminiň başyndaky söhbetdeşlikler Ýewropa ýurtlarynyň diplomatiýasy baradaky gymmatly maglumatlary almaga mümkinçilik berdi.

53743186739_ed2ab51537_o.jpg

Şeýle hem maksatnamada Brýussel şäherine okuw sapary we oňa gatnaşyjylaryň tejribesini baýlaşdyrmak üçin sosial-medeni çäreler göz öňünde tutuldy.

Görnükli spikerleriň hatarynda 2014-2019-njy ýyllarda Ýewropa komissiýasynyň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, wise-prezidenti, 2014-nji ýylda Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri wezipelerinde işlän Federika Mogerini, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala hem-de ÝB-niň sanksiýalar boýunça ýörite ilçisi Dewid O’ Salliwan bar.

53741934237_75752ae0da_o.jpg

Okuw sapagynyň açylyş hem-de ýapylyş dabaralaryna Federiki Mogorini hem-de Ýewropanyň daşary gatnaşyklar gullugynyň resmi adamlary bilen birlikde Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow hem gatnaşdy.

53743186669_d8672777b8_o.jpg

Merkezi Aziýanyň wekilleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de ÝB-niň syýasatyny düşündirmek okuwyň esasy maksady boldy. Munuň özi Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlyga ýardam berer.

53741934247_7ee7a8eaa4_o.jpg

53742861716_14aa544110_o.jpg

53741934282_4fac0fdc3c_o.jpg

53743274730_f36599533b_o.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026