Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Keramiki plitalary we sanfaýans önümleri öndürýän täze, döwrebap zawoda işgärleri işe kabul etmek boýunça çäreleriň başlangyjyna badalga berildi

Maý 23, 2024 | 23:05 |11926
Keramiki plitalary we sanfaýans önümleri öndürýän täze, döwrebap zawoda işgärleri işe kabul etmek boýunça çäreleriň başlangyjyna badalga berildi. Kärhana, öziniň jebis toparynyň bir bölegi bolmaklyga taýýar şeýle-de onuň ynamly ösüşine goşant goşjak, maksadaokgunly, tejribeli we sowatly hünärmenleri gözleýärKeramiki plitalary we sanfaýans önümleri öndürýän täze, döwrebap zawoda işgärleri işe kabul etmek boýunça çäreleriň başlangyjyna badalga berildi. Kärhana, öziniň jebis toparynyň bir bölegi bolmaklyga taýýar şeýle-de onuň ynamly ösüşine goşant goşjak, maksadaokgunly, tejribeli we sowatly hünärmenleri gözleýär
Çeşme: rssinc.com

Keramiki plitalary we sanfaýans önümleri öndürýän täze, döwrebap zawoda işgärleri işe kabul etmek boýunça çäreleriň başlangyjyna badalga berildi. Kärhana, öziniň jebis toparynyň bir bölegi bolmaklyga taýýar şeýle-de onuň ynamly ösüşine goşant goşjak, maksadaokgunly, tejribeli we sowatly hünärmenleri gözleýär.

Kärhana iň öňdebaryjy tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilip, halkara standartlara gabat gelýän ýokary hilli harytlary öndürmäge mümkinçilik berýär. Geljekgi işgärlere şu durmuş üpjünçilikleri teklip edilýär:

  • Bäsdeşlige ukyply aýlyk haky we durmuş ýeňillikleri;

  • Zähmet ýolunyň ösüşine we kämilleşmäge mümkinçilikler;

  • Tejribeli we agzybir işgärler düzümleri;

  • Häzirki zaman zähmet şertleri.

Zerur hünärmenler:

  • Keramiki plitalary we sanfaýans önümleri öndürmekde tejribesi bolan inžener-tehnologlar;

  • Awtomatlaşdyrylan liniýalarda iş tejribesi bolan önümçilik ýerleriniň hünärmenleri we ussalary;

  • Tehniki bilimi we degişli sertifikaty bar bolan önümçilik liniýalarynyň operatorlary;

  • Material gymmatlyklar saklamakda iş tejribesi bolan ammar işgärleri;

  • Ýükleri gatnatmak we logistika ugurlary boýunça iş tejribesi bolan hünärmenler.

Eger-de siz:

  • Toparda işläp bilýän bolsaňyz;

  • Işiňize jogapkärçilikli garaýan bolsaňyz;

  • Şahsy ösüşe we kämilleşmäge ymtylýan bolsaňyz;

  • Täze ýumuşlara we çagyryşlara taýýar bolsaňyz:

Onda topara hoş geldiňiz!

Ýüz tutma hatyny tabşyrmak üçin 15.06.2024ý senä çenli aşakdaky onlaýn salgy boýunça girip, degişli görnüşi (sowalnamany) dolduryň

Sizden geljek sowalnamalara sabyrsyzlyk bilen garaşýarys!

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026