Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine gemodializ enjamlary sowgat berildi


Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan Germaniýanyň “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine sowgat berildi.
Enjamlar paýtagtda ýerleşýän merkeziň toksikologiýa we çagalaryň gemodializi bölümine berilildi diýip, TDH habar berýär. “B.Braun” kompaniýasynyň iň soňky döwrebap tehnologiýalar esasynda işlenip düzülen täze nesil “emeli böwrek” enjamy dializ bejergisiniň häzirki wagtda mälim bolan ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýär.

Ozal habar berlişi ýaly, Germaniýanyň meşhur kompaniýasynyň şunuň ýaly täze enjamlary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine hem-de Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň hassahanasyna sowgat berildi.
ORIENT news








