HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gruziýanyň premýer-ministri Aşgabatdaky Şota Rustaweliniň otyrdylan heýkeli üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Maý 21, 2024 | 20:32 |11333
Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Döwlet Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösüşini we abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäginde köptaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem söhbetdeşler ýokary derejedäki özara saparlary guramaga gyzyklanma bildirdiler.Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Döwlet Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösüşini we abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäginde köptaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem söhbetdeşler ýokary derejedäki özara saparlary guramaga gyzyklanma bildirdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan berlen

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Döwlet Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösüşini we abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäginde köptaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem söhbetdeşler ýokary derejedäki özara saparlary guramaga gyzyklanma bildirdiler.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi uly bolan mümkinçilikleri, senagat, ulag, ýangyç-energetika we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gruzin toparynyň aýratyn orny nygtaldy.

IMG-20240521-WA0000.jpg

Ilçi Premýer-ministri Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän dabaraly çäreler bilen tanyşdyrdy we pursatdan peýdalanyp Irakli Kobahidzeni 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda bu dabaraly çära bagyşlanyp geçiriljek Döwlet we hökümet baştutanlarynyň derejesindäki sammite çagyrdy.Şeýle hem şu ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Ma gtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylandygyny we ol ýerde beýik gruzin şahyry Şota Rustaweliniň heýkeliniň ýerleşdirilendigi habar berdi.

Kobahidze türkmen tarapynyň çakylygy we şeýle hem durmuşa geçirilen başlangyjy üçin minnetdarlygyny bildirdi hem-de Aşgabatda bu gruzin klassikasynyň heýkeliň açylmagy iki ýurduň we halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň berkidilmegine goşant goşjakdygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary, birek-birege ynanmak, hormat goýmak we özara bähbitlerine gyzyklanma bildirýän ýörelgesine esaslanýan hyzmatdaşlyga daýanýan türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň girewi bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026