HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Maý 21, 2024 | 18:06 |9580
20-nji maýda, Duşenbe güni  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň raisi Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.20-nji maýda, Duşenbe güni  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň raisi Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: tdh.gov.tm

20-nji maýda, Duşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň raisi Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Tatarystanyň raisina Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Tatarystana amala aşyrylan saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi, şeýle-de “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.

Forumynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, türkmen halkynyň Milli Lideri şeýle çäreleriň guralmagynyň Tatarystanyň ösmegine hem-de Russiýa bilen yslam dünýäsini baglanyşdyrýan halka hökmünde ýurduň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdi – diýip TDH habarynda aýdylýar.

Rustam Minnihanow hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet Baştutanynyň türkmen-tatar gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandyny belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Tatarystan dürli ugurlar boýunça, hususan-da, nebitgaz, gämigurluşyk, himiýa senagaty pudaklarynda, awiasiýa tehnikalaryny, ýük awtoulaglaryny ibermek ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Tatarystanyň iri kompaniýalary türkmen bazarynda üstünlikli iş alyp barýarlar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ynsanperwer ulgama, şol sanda ylym we bilim, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.

Biz türkmen-rus döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegini emele getirýän Tatarystan Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýäris diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026