Daşkentde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ylmy maslahat geçiriler


Merkezi Aziýa Halkara institutynyň direktory Žawlon Wahabowyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli Daşkentde bilelikdäki ylmy maslahaty geçirmek baradaky teklibi goldanyldy.
Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşyga şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň strategik barlaglar Merkeziniň direktory Şiri Şiriýew hem gatnaşdy.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen täze derejä çykarlandygyny belledi
ORIENT news








