HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Belarus EYZ-nyň kärhanalarynyň Türkmenistana eksporty iki esse artdy

Maý 21, 2024 | 01:43 |10583
Belarus Respublikasynyň erkin ykdysady zolaklarynyň wekilleri 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde harytlarynyň Türkmenistana eksportyny 2,1 esse artdyrdylar.Belarus Respublikasynyň erkin ykdysady zolaklarynyň wekilleri 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde harytlarynyň Türkmenistana eksportyny 2,1 esse artdyrdylar.
Çeşme: turkmenistan.mfa.gov.by

Belarus Respublikasynyň erkin ykdysady zolaklarynyň wekilleri 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde harytlarynyň Türkmenistana eksportyny 2,1 esse artdyrdylar.

Belarus EYZ-nyň kärhanalarynyň eksportynyň ösüşinde Türkmenistan ikinji orny eýeledi, birinji orunda bolsa Yrak ýerleşdi – bu ýurda eksportyň ösüşi 4,5 esse boldy. Belarus Respublikasynyň EYZ-nyň wekilleri Aziýanyň beýleki ýurtlaryna: Gazagystana, Hindistana, Täjigistana, Hytaýa we Türkiýä hem iberilýän önümleriniň möçberlerini artdyrdylar.

Umuman alanyňda, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Belarus Respublikasynyň EYZ-den önümleriň eksportynyň jemi bahasy 2,1 milliard dollara barabar boldy – bu EYZ-niň tutuş taryhynda ýylyň birinji çärýek üçin rekord görkezijidir diýip, Belarusyň Ykdysadyýet ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Soňky ýyllarda Belarusyň Türkmenistana eksportynyň esasyny şeker, teker, izolýasiýa simleriniň, derman serişdeleriniň we süýt önümleriniň üpjünçiligi düzýär.

Golaýda Aşgabatda geçirilen azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro Pack Turkmenistan & Turkmen Food» atly halkara sergisinde Belarus Respublikasyna «Bellakt» AGPJ wekilçilik edip, köp sanly önümlerini görkezdi: çaga iýmiti, doragly süýjülikler, süýt önümleri: şüle, ýogurt, kokteýller, dorag we beýlekiler. «Bellakt» AGPJ-niň wekilleri täze hyzmatdaşlar bilen gepleşikleri geçirdiler we birnäçe önümçilik kärhanalaryna baryp gördüler diýip, Belarusyň ilçihanasy habar berýär.

Belarusyň Daşary işler ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda Belarus kärhanalarynyň we guramalarynyň haryt paýlaýyş ulgamynyň 10-dan gowrak wekili işleýär. Belarusyň Türkmenistandan import edýän esasy önümleri ýorgan-düşek we aşhana üçin niýetlenen dokma önümleri, gap-gaçlar we plastmassadan öndürilen hojalyk serişdeleri, dokma serişdelerinden taýýarlanan haltalar we gaplaýyş torbalary, dokma däl matalar, dokma egin-eşiklerdir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026