HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astrahanda Hazar mediaforumy 2024-nji ýylyň awgust aýynda geçiriler

Maý 20, 2024 | 22:00 |10043
Her ýyl dürli ýurtlardan media hünärmenlerini bir ýere jemleýän Astrahandaky Hazar mediaforumy 2024-nji ýylyň awgust aýynda geçiriler. Forumyň mowzugy «Medeniýetleriň dialogy Hazar sebitiniň ösüşleriniň esasy hökmünde» bolar diýip, Astrahan oblastynyň medeniýet ministri Olga Prokofýewa «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» forumynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.Her ýyl dürli ýurtlardan media hünärmenlerini bir ýere jemleýän Astrahandaky Hazar mediaforumy 2024-nji ýylyň awgust aýynda geçiriler. Forumyň mowzugy «Medeniýetleriň dialogy Hazar sebitiniň ösüşleriniň esasy hökmünde» bolar diýip, Astrahan oblastynyň medeniýet ministri Olga Prokofýewa «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» forumynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.
Çeşme: punkt-a.info

Her ýyl dürli ýurtlardan media hünärmenlerini bir ýere jemleýän Astrahandaky Hazar mediaforumy 2024-nji ýylyň awgust aýynda geçiriler. Forumyň mowzugy «Medeniýetleriň dialogy Hazar sebitiniň ösüşleriniň esasy hökmünde» bolar diýip, Astrahan oblastynyň medeniýet ministri Olga Prokofýewa «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» forumynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.

«2024-nji ýylda Astrahanda dokuzynjy gezek Hazar mediaforumy geçiriler, ol bitewi maglumat meýdanyny döretmek wezipesini ýerine ýetirýär, maglumatlaryň galplaşdyrylmagyny aradan aýyrmaga kömek edýär, möhüm meseleler boýunça bitewi maglumat meýilnamasyny döredýär we dialog üçin netijeli meýdança bolýar. Forum 2024-nji ýylda 16-njy awgustda geçiriler» diýip, Prokofýewa belledi.

«Hazar möwsümleri» sungat festiwaly çäräniň özboluşly dowamy bolar, onuň çäklerinde Astrahan Kremliniň taryhy sahnalarynda açyk asmanyň astynda opera görkezilişi bolar, festiwalyň çärelerine dünýä meşhur ýyldyzlar gatnaşarlar. Mundan başga-da, festiwalyň çäklerinde Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň sazandalaryny öz içine alýan Hazarýaka döwletleriniň birleşen simfoniki orkestri çykyş eder.

«Biz ýaş nesle dostluk däplerine öwredýäris. Häzirki wagtda sebitde ýaşlar simfoniki orkestri taslamasy durmuşa geçirilýär, Hazarýaka döwletleriniň orkestriniň özbaşdak düzüm bölegine öwrüldi. Orkestriň agzalary Russiýanyň günorta sebitleriniň ýaşlarydyr, olar bilen Hazarýaka döwletleriniň sazandalary işleşýärler. 2025-nji ýylda Hazarýaka döwletlerinden zehinli ýaşlar taslama gatnaşmaga çagyrylar» diýip, Prokofýewa sözüniň üstüne goşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026